Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet43/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   39   40   41   42   43   44   45   46   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KESEKLEMEKLIK, iş ady. Keseklemek 
ýagdaýy. 
KESEKLEMEZLIK, iş ady. Birine ýa-da bir 
zada kesek atmazlyk, kesek zyňmazlyk. 
KESEKLENMEK, işl. Birine ýa-da bir zada 
kesek atylmak, kesek zyňylmak. Gelnalyja gatnaşan 
atlylar keseklendi. 
KESEKLEŞMEK, işl. 1. Biri-biriňi keseklemek. 
Çagajyklar iki topara bölünip, ondan-oňa bukulyşyp 
kesekleşýärdiler. 2. Bilelikde keseklemek. Oglanlar 
ekine giren düýeleri kesekleşip duran ekenler
KESEKLETMEK, işl. Birine ýa-da bir zada 
kesek atdyrmak, kesek zyňdyrmak. 
KESEKLEÝIŞ, iş ady. Keseklemek ýagdaýy. 
KESEL, at. 1. Adam agzalarynda ýa-da 
haýwanda, ösümliklerde döreýän näsazlyk, dert. 
Öýken keseli bilen kesellän adam güýçli üsgürmäni 
çykarýar (

Türkmenistan

). 2gepl. d. Keselli, näsag, 
syrkaw, nähoş. Ol kesel halyna näme üçin geldikä? 
(B. Seýtäkow).  

Kesel bolmak bir zat ýoň bolmak, ýörelgä 
öwrülmek, nysak bolmak (şeýlebir halanmaýan 
täzelik hakynda). Soňky döwürde gelnalyja gidýän 
maşynlaryň sanyny köp etmek kesel bolupdyr. 
KESELBENT 
[keselvent], 
syp. 
Keselden 
açylman ýören, kesel büren, keselli. 
KESELBENTLIK [keselventlik], at. Keselbent 
halda bolmaklyk, keselden açylman ýörmeklik, 
kesellilik, sagat dällik. 
KESELÇILIK, 
at
Keselli 
ýagdaýynda 
bolmaklyk; syrkawçylyk. Emma keselçilik horlaýar 
(B. Seýtäkow). 
KESELEÝIN, syp., ser. Keseligine. Üç sany 
agaç gerekdi: iki agajy ýanaşyk dikmelidi, birini-de 
olaryň üstüne keseleýin atmalydy (G. Kulyýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   39   40   41   42   43   44   45   46   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling