KESIK, at. 1. Bir zat bilen kesilen, bitewi däl,
bölek. Kesik agaç. Kesik ýüp.2. Bir zat bilen kesilip,
ýonulyp edilen bellik. Onuň sapynda kesik
bolmalydyr.
KESIK-KESIK, syp.1. Bölek-bölek, üzük-ýoluk.
Kesik-kesik ýüp.2. Çapyk-çapyk, kesigi köp.
KESIKLIK,at. Ýoluklyk, üzüklik, bitewi dällik.
Ýüpüň kesikligi.
KESILIŞ, iş ady. Kesilmek ýagdaýy.
KESILME, iş ady. Kesilmek ýagdaýy.
KESILMEK, işl. 1. Bitewi zadyň ýiti enjam
bilen bölünişi, bölünip aýrylmagy. Hudaýýoly
paýlanjak çörekler derrew kesilip taýyn edildi. 2.
Gerekmejegi ýiti enjam bilen çapylyp, çyrpylyp
aýrylmak, pudalmak. Kesilen çybyklary bogmak.
Üzümler kesilip bolundy. 3. gepl.d. Janly soýulmak
(goýun-guzy we ş.m. hakynda). 4. Tene ýarag urlup
kesel bejerilmek, operasiýa edilmek. 5. Teniniň bir
ýeri gyýylmak, tyg ýarasy düşmek. Men elimiň nädip
kesilenini hem bilmän galdym. 6. Zaýalanmak,
çüýremek. Gatyk basyrylan süýt kesilipdir. 7.
Haýsydyr bir gymyldy-hereketiň (gatnaw, gatnaşyk,
baryş-geliş, salamlaşmak we ş.m.) bes edilmegi.
Olaryň gatnawy kesilen eken. 8. Bir zadyň sesiniň
eşidilmesi galmak, sem bolmak. Aýdym sesi birdenka
kesildi (B. Kerbabaýew). Agy sesi kesildi. 9.
29
Haýsydyr bir zatdan mahrum edilmek; mahrum
bolmak. Goýunlaryň gök otdan kesilenine ep-esli
wagt bolan bolsa gerek. Agyr hassa iýmek-içmekden
kesilipdir. 10. Dokalyp gutarylmak. Dokalyp kesilen
halylaryň sany bir çene ýetendir. Dokan dokmamyzyň
kesileni ýaňy dälmi näme? 11. Bölunmek, çäk
goýulmak, serhet çekilmek.
Do'stlaringiz bilan baham: |