KEÝIKBÖWREK [keýikböwrök], at, ösüml.d.
Dag eteklerinde, baýyrlyklarda ösýän kösükliler
maşgalasyna degişli baldaksyz, köpýyllyk ot.
KEÝIKBÖREK [keýikbörök], at, ösüml.d., ser.
Keýigalma.
KEÝIKBURÇA [keýikburço], at, ösüml.d. Dag
eteklerinde, gumda bitýän 20-25
sm çenli
ösgünlikdäki insiz ýaprakly ot.
KEÝKERILMEK, işl. Howsalaly gulak üşerdip
ýa-da dikgerilip görünmek.
KEÝKERIŞ, iş ady. Keýkermek ýagdaýy.
KEÝKERIŞMEK,
işl.
Howatyr
edişip
üşerilişmek, bilelikde keýkermek.
KEÝKERME, iş ady. Keýkermek ýagdaýy.
KEÝKERMEK, işl. Howatyrly üşermek,
howsalaly gulak üşertmek ýa-da dikgerip durmak.
Keýkerip duran at.
KEÝKERMEKLIK,
iş
ady.
Keýkermek
ýagdaýy.
KEÝKERTMEK,
işl.
Howatyrly
gulak
üşertdirmek ýa-da dikgerilip durmak. Bir zat gören
ýaly, gulagyny keýkertdi (B. Seýtäkow).
KEÝP [keýip], at. 1. Adamyň içki ruhy
ýagdaýynyň derejesi. Keýpler nähili? Keýp niçik? 2.
göç.m. Isleg, bir zada bolan meýil, küýseg,
howeseklik. Onuň çaý-nahar bilen keýpi ýokdy. 3.
Keýp sözüniň soňundan etmek kömekçi işligi gelip,
düzümli işlik ýasalýar: Keýp etmek keýipli halda
bolmak, höwes etmek, hezil etmek. Goja bu sapar
keýp edip güldi-de, ýanyndaky çaganyň başyny
sypady (B. Kerbabaýew).
Keýp çekmek oturylyşyk, gezelenç we ş.m.
edip, wagtyňy hoş geçirmek, lezzet alyp, keýpi-
sapada bolmak. Keýpden çykmak bir zatdan doly
kanagatlanmak, bir zadyň hezilini görmek,
gönenmek. Keýpi atlanmak has keýpli bolmak,
keýpi has-da kökelmek. Iki adamyň urşup duranyny
görse ýa-da biriniň gybaty edilse, onuň keýpi
atlanardy. Keýpi bozuk şat däl, tukat.Keýpimiň
bozuk wagtynda sen meni güldürdiň (G. Muhtarow).
Do'stlaringiz bilan baham: |