Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KIBI [kivi], köm. s., ser. Kimin


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet63/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KIBI [kivi], köm. s., ser. Kimin. Häkim bolsaň 
halky Gün kibi çoýgul, Akarda suw, ýa öserde ýel 
bolgul (Magtymguly). 
KIBIRDEME [kivirdeme], iş ady. Kibirdemek 
ýagdaýy. 
KIBIRDEMEK [kivirdemek], işl. Kibirt-kibirt 
edip owranyp, seslenip durmak. Kibirdäp duran 
külçe. 
KIBIRDEMEKLIK [kivirdemeklik], iş ady. 
Kibirdemek ýagdaýy. 
KIBIRDETMEK [kivirdetmek], işl. Kibirt-kibirt 
ses çykartmak, kibirdili seslendirmek. Oglanjyk 
kökäni kibirdedip iýýärdi. 
KIBIRDEWÜK [kivirdöwük], syp. Kibirdäp 
duran, kibirdili ses döredýän. Kibirdewük köke. 
KIBIRDI [kivirdi], at. Gar, ýukajyk buz gatlagy 
we ş.m. owrananda, gaty, gury iýmit iýlende çykýan 
sesiň ady. Onuň iýýän kökesiniň kibirdisi eşidilip 
durdy. 
KIBIRT [kivirt], s. ş. aňl. söz. Gar, ýuka buz 
gatlagy we ş.m. owrananda, gaty, gury iýmit iýlende 
bir gezek çykýan ses. Her gezek kökäniň ujundan 
dişlände kibirt edýärdi. 
KIBIRT-KIBIRT [kivirt-kivirt], s.ş.aňl.söz. Gar, 
ýuka buz gatlagy we ş.m. owrananda, gaty, gury 
iýmit iýip durka yzly-yzyna çykýan sesler. Kibirt-
kibirt edip iýmek.  
KIBIT [kivit], at. 1. Adamyň egni, gerdeni, iki 
omzunyň üsti. 2. göç.m. Gara öýüň, çatmanyň we 
ş.m. gerşi, umumy durky. 

Kibitiňi gysmak 1

bilemok

diýen manyda 
yşarat etmek. 2serEgniňi gysmak
KIÇELDILMEK, işl. 1. Öňküsine görä kiçi 
edilmek. Onuň penjegi kiçeldilipdir.2. Öňki 
derejesinden peseldilmek.Ol özüniň wezipesiniň 
kiçeldilmegine çydam edip otyrdy. 
KIÇELIŞiş ady. Kiçelmek ýagdaýy. 
KIÇELMEiş ady. Kiçelmek ýagdaýy. 
KIÇELMEKişl. 1. Öňki derejesinden, göwrüm, 
möçber taýdan kiçi bolmak, belli bir derejeden kem 
bolmak. 2. Bir zadyň täsiri bilen girmek, daralmak 
(eşik, geýim hakynda). Onuň keteni köýnegi bir 
ýuwlandan soň kiçelipdir. 3. Garrylyk, näsaglyk 
zerarly göwräniň eti-gany gaçmak, sykylmak, 
horlanmak. Uzyn, daýaw göwresi öňküsine garanda 
kiçelen ýalydy. 4. Aşak düşmek, peselmek (wezipe 
hakynda). Ol öňki kärinden kiçelipdir. 5. göç.m. 
Ruhy taýdan peselmek, özüňi pes tutmak. Köp ýerde 
kiçelmeli, boýun burmaly boldy (B. Seýtäkow). 
KIÇELMEKLIKiş ady. Kiçelmek ýagdaýy. 
KIÇELMEZLIK, iş ady. Öňki boluş 
ýagdaýyndan, ululygyndan kiçi, pes bolmazlyk. 
KIÇELTDIRMEK, işl. Öňki derejesinden, 
möçber, göwrüm taýyndan kiçi etdirmek. 
KIÇELTMEK, işl. 1. Öňki derejesinden, 
göwrüm, möçber taýdan kiçi etmek, belli bir 
ölçegden kemeltmek. Olaryň gözleriniň agy köpelip, 
garasy kiçelen ýalydy (B. Seýtäkow). 2. Gysgaltmak, 
kelteltmek. Jalbary kiçeltmek. 3. Bir zady kiçi edip 
görkezmek, ähmiýetini peseltmek. Edilen işleri 
kiçeltmäň! 4. Aşak düşürmek, peseltmek (wezipe, iş 
hakynda). Onuň gulluk wezipesini kiçeldipdirler.5
göç.m. Ruhy taýdan mertebesini peseltmek, 
kemsitmek. Özüň ýaly adamyň ýanynda özüňi 
kiçeltmek.  
KIÇEŇRÄK [kiçeňrä:k], syp. Kiçiräk, çaklaň, 
uly bolmadyk. Güýzde däne ekilmedik ýer juda bir 
köpem däldi. Esasan, täze açylan ak ýerlerdi, 
kiçeňräk hemem suw çykmasy kynrak par pellerdi 
(Gurbanguly Berdimuhamedow, Döwlet guşy). 
Olaryn içi üzümli kiçeňräk howlusy, üç otagly jaýlary 
bardy (

Edebiýat we sungat

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling