Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KÄRSIZLIK [kä:rsizlik], at. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet60/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   56   57   58   59   60   61   62   63   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÄRSIZLIK [kä:rsizlik], at. 1. Hünärsizlik, käri, 
kesbi ýokluk. Ýaş wagtymda hünär öwrenmänim üçin 
kärsizlik gaty köseýär. 2. gepl. d. Işsizlik, bikärlik. 
Ýatan çöpi galdyranok, kärsizlikden irmeýärmikä? 
KÄSE [kä:se], at. 1. Çaý içmek üçin agzy 
ýaýbaň, düýbi çürüräk jäjem gap, pyýala. Şahyr 
käsesine gyzgyn çaý guýdy (G. Kulyýew). 2. Gawun-
garpyz ýarylanda, onuň böleklenen üç-dört 
böleginden biri. Ertir irden bir käse gawun iýdi. 
KÄSELEME [kä:seleme], iş ady. Käselemek 
ýagdaýy. 
KÄSELEMEK [kä:selemek], işl. 1. Gawun-
garpyz ýarylanda, üç-dört bölüp, käse-käse edip 
kerçlemek. Ol basyrylgy gawunlardan birini ýardy-
da, käseläp gyzyň öňüne süýşürdi (T. Gurbanow). 2. 
Käse bilen ölçemek, guýmak. Tüwini käseläp ölçedi. 
KÄSELEMEKLIK [kä:selemeklik], iş ady. 
Käselemek ýagdaýy. 
KÄSELEMEZLIK [kä:selemezlik], iş ady.
Käseläp kesmezlik. 
KÄSELENMEK [kä:selenmek], işl. 1. Käse-käse 
edilip dilinmek, bölünmek. 2. Özüň üçin käselemek. 
Men gawun käselendim. 
KÄSELEŞDIRMEK 
[kä:seleşdirmek], 
işl. 
Gawuny, garpyzy käse-käse edişdirmek, käseläp 
çykmak. Ol ullakan gawunlary käseleşdirdi. 
KÄSELEŞMEK [kä:seleşmek], işl. 1. Gawuny 
kesip, 
käse-käse 
etmäge 
kömekleşmek. 
Ol 
myhmanlaryň öňünde goýuljak gawunlary käseleşdi. 
2. Bilelikde käselemek. Adamlar saçakda goýuljak 
gawunlary käseleşip otyrdylar. 
KÄSELETMEK [kä:seletmek], işl. Gawuny 
dilim-dilim kesip, käse-käse etdirmek. 
KÄSELEÝIŞ [kä:seleýiş], iş ady. Käselemek 
ýagdaýy. 
KÄSI [kä:si], çal. Käbiri, birnäçesi, köp zadyň 
arasyndan biri. Olaryň käsi bürenjeginiň çetinden, 
käsi omrakaý ýaşmagynyň üstünden, käsi bolsa 
ýüzüne tutan iki eliniň arasyndan garaýardy (B. 
Kerbabaýew). Bu gülleriň käsiniň ysy diýseň ýakymly. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   56   57   58   59   60   61   62   63   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling