Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KÄBIR [kä:vir], çal. Haýsydyr bir, näbelli  (adam, zat hakynda). Käbir zatlar barada gürrüň  bereýin.  KÄBIRI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet58/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   54   55   56   57   58   59   60   61   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÄBIR [kä:vir], çal. Haýsydyr bir, näbelli 
(adam, zat hakynda). Käbir zatlar barada gürrüň 
bereýin. 
KÄBIRI [kä:vi:ri], çal. Köpüň içinden haýsydyr 
biri, käsi, birnäçesi. Olaryň käbirini atlandyrmak 
hem bolar. 
KÄDAÝYM [kä:da:ýym], hal, gepl. d. Hemişe 
däl-de, aram-aram, käwagt, kämahal, käýarym, 
herdaýym. Kädaýym ýaşlyk hyjuwy, joşguny 
saklatman, 
ýag- 
daýlaryň çylşyrymlaşmazlygy, ýitileşmezligi üçin 
näme etmeli? (

Watan

). 
KÄDI [kä:di], at. 1. Pazyly we ýapraklary uly 
bakja ekini. Olar kädi, garpyz ekmek üçin hem 
ýerleri ekişe taýýarladylar. 2. Şol bakja ekininiň
hasyly. Çorba kädi atyp bişirmek. 3. Tamdyranyň we 
gyjagyň içi köwlüp agaçdan edilýän we ses, owaz 
çykarmak üçin hyzmat edýän esasy bölegi (gyjagyň 
kädisi suw kädiden hem edilýär). Kimsi oňa goşmaça 
perde ýelmedi, kim kädisini süýri etdi, kim gapagyny 
goşalady (

Edebiýat we sungat

). 4.gepl.d. Nas 
guýulýan kiçijik gap (ol sözüň nas kädi görnüşi hem 
bar). Soňra kädisini ýanyndakylara uzatdy (B. 
Seýtäkow). 5. göç. m. Baş, kelle. Meniň kädimde 
beýnimden başga nämäm bar? (B. Kerbabaýew). 

Kädä ýel düşen ýaly hüňür-hüňür edip, 
tükeniksiz gürläp oturan adam barada ulanylýan 
meňzetme. Kädä ýel düşen ýaly, şol hüňürdäp otyr. 
Kädi bulamak ownuk dogralyp, gaýnadylan
kädiniň üstüne ýag guýlup taýýarlanýan nahar.
KÄHALAT [kä:ha:lat], hal. Käwagt. Kähalatda 
aýdan-diýeniň ýerine ýetmän hem galýar. 
KÄHI [kä:hi], hal, kön. s. Käte. Kähi leblerinden, 
kähi tilinden, Öpsem öldürerler, öpmesem ölem 
(

Asly – Kerem

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   54   55   56   57   58   59   60   61   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling