Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KIPARLAÝYŞ [kipa:rlaýyş], iş ady. Kiparlamak  ýagdaýy.  KIR


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet66/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   62   63   64   65   66   67   68   69   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KIPARLAÝYŞ [kipa:rlaýyş], iş ady. Kiparlamak 
ýagdaýy. 
KIR, at. 1. Geýime, tene ýokan hapa, ýok, 
çyrşak, galçak. Kagyzlarynyň gyrasy ýyrtyk-ýyrtyk, 
sahypalaryna el kiri düşüp, yz galdyryp gidipdir (N. 
Saryhanow). 2göç. m. Hapa, kir bolan geýim-gejim. 
Ol aýal daşarda kir ýuwup otyr. 

Kiri ýüzüne almak kiri mese-mälim bildirip 
durmak, derrew kiri ýäzünde görnüp durmak. 
Köýnegimiň matasy kiri ýüzüne alagan mata eken. 
KIRBEŇKE [kirveňke], at. 409,5 grama deň 
bolan agyrlyk ölçegi. 
KIRBEŇKELEMEK [kirveňkelemek], işl. Bir 
kirbeňke möçberinde edip ölçemek. 
KIRBEŇKELEMEKLIK [kirveňkelemeklik], iş 
ady. Kirbeňkelemeklik ýagdaýy. 
KIRBEŇKELEMEZLIK [kirveňkelemezlik], iş 
ady.  Kirbeňkeläp ölçemezlik. 
KIRBEŇKELIK [kirveňkelik], at. Bir kirbeňke 
zat çeker ýaly agramy kirbeňkä deň bolan çeküw 
daşy. 
KIREŇ, at. 1. ser. Kir I. Ol düýbünden kireň 
degmedik owadan halynyň ýüzüni dyrmaýardy. 1
göç.m. Erbet niýet, närazylyk, nägilelik. Göwnünde 
çigit ýaly kireň bolmadyk Hoşgeldi bolsa öňki 
oturyşyny üýtgetmän, bu boluşlara perwaýsyz garap 
otyrdy (A. Gowşudow).
KIREŇSIZ, syp. 1. Kir ýoky bolmadyk, kir-
kimirsiz, arassa. Ol ýigidiň sadap ýaly kireňsiz ak 
dişleri ýyldyrady (A. Gowşudow). 2. göç.m. Päk, 
ýamanlyksyz. Ol kireňsiz ýüregini açyp başlady. 
KIREÝ, at. Ulanylmaga wagtlaýyn alnan jaý, 
ulag üçin eýesine berilýän hak, töleg. 

Kireýine almak birinden hakyny töläp, 
wagtlaýynça ulag, jaý almak. Kireýine bermek hak 
almak maksady bilen birine mal, jaý bermek. 


39 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   62   63   64   65   66   67   68   69   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling