40
KIRTILDETMEK [kirtilletmek],
işl. Kirt-kirt
edip çeýnemek.
Olar otlary kirtildedip ýörüşlerine
guýa ýakynlaşdylar (
Edebiýat we sungat
).
KIRTILDI [kirtilli],
at. Owlak-guzy ter ot, paçak
we ş.m. iýende çykýan sesiň ady.
Gök ýorunjany
işdämen iýýän guzynyň kirtildisi eşidilýärdi.
KIRT-KIRT, s. ş. aňl. söz. Owlak-guzy ter ot,
paçak we ş.m. iýende çykýan sesler.
Owlajyk kirt-kirt
edip terje palaç çeýneýärdi.
KIRÝA,
at, senetç. Inçe uzyn sim almak üçin
kümüş sozulýan ululy-kiçili deşikli, ýasy, galyň
demir, simkeş.
KIRÝUWAN [kirýuwon],
at. Kir ýuwmak üçin
taz, kir ýuwulýan gap, legen.
Kirýuwana eşik salyp,
paşyrdadyp oturan gyz, Çepbesine gyýa garap, tawus
ýaly owsunýardy (K. Gurbannepesow).
KISE [ki:se],
at.
1.
gepl. d. Egin-eşikde pul,
ownuk-uşak zat salmak üçin oturdylýan jübi.
Ussat
garma donunyň kisesinden ullakan gülli ýaglygyny
alyp, derini arkaýyn süpürdi (A. Nazarow).
2.
ýerli g.
Goş-golam, azyk we ş.m. salmak üçin halta.
Bir kise
un.
Do'stlaringiz bilan baham: