Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KIKIRDEME, iş ady. Kikirdemek ýagdaýy. KIKIRDEMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet65/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KIKIRDEMEiş ady. Kikirdemek ýagdaýy.
KIKIRDEMEK, işl. Pessejik ses bilen assaja 
gülmek, kikir-kikir edip gülmek. Haý, ukyňy bimaza 
etdim-ow – diýdi-de, kikirdäp goýberdi (T. 
Gurbanow).
KIKIRDEMEKLIK, iş ady. Kikirdemek 
ýagdaýy. 
KIKIRDEŞMEK
işl. 
Kikir-kikir 
edişip 
bilelikde gülmek. Oturanlar onuň gürrüňine 
kikirdeşip gülüşdiler. 
KIKIRDEÝIŞiş ady. Kikirdemek ýagdaýy.


37 
KIKIRDI, at. Kikir-kikir edip assaja gülnende 
çykýan sesiň we ýuwaşja gülkiniň ady. Çaganyň 
kikirdisi
KIKIR-KIKIR, s. ş. aňl. söz.  Pessejik ses bilen 
assaja gülünýärkä dowamly çykýan sesler. 
KILÇERIŞiş ady. Kilçermek ýagdaýy.
KILÇERMEiş ady. Kilçermek ýagdaýy.
KILÇERMEK, işl. Kilçiklik edip, aýtmaly-
aýtmasyz zady seljermän aýtmak, kelçermek. Ýat 
adamyň ýanynda beýdip kilçerip otursaň, gelşikli 
bolmaz. 
KILÇIKsyp. Aýtmaly-aýtmasyz zady kelpeňlik 
edip aýdýan, suwumsyz. Onuň kilçik däldigine, hiç 
kimi aldamaýanyna, özgäniň işine goşulmaýanyna 
çynlakaý üns berdi (B. Kerbabaýew). 
KILÇIKLEMEK
işl. 
Kilçiklik 
etmek, 
kilçermek. 
KILÇIKLIKat. Kilçige mahsus bolan häsiýet.
KILE [ki:le], at, gepl. d., ser. Kilogram. 
KILELIK [ki:lelik], syp. Bir kilograma deň 
bolan (daş hakynda). 
KILEŇsyp. Bary, tükel, bütinleý; uçdantutma, 
başdan-aýak, ýalaň. Kileň ýaş ýigitler. 
KILIM, at. Haly ýaly ýüwürdilip, öýdelip 
dokalýan düşek ýa-da gapy üçin tuty. Kireýsiz kilim 
kakylmaz, ojaksyz öýe bakylmaz (Nakyl). 
KILISE
at. 
Hristianlaryň 
ybadathanasy. 
Öwladyl-ebtun gyzlary şol ýerdäki kilisä geler erdiler 
(

Asly –Kerem

).
KILK [kilik], at, ser. Kilt I. Demir kilk bilen 
petle satyn aldy. 
KILKLEME [kilikleme], iş ady. Kilklemek 
ýagdaýy.
KILKLEMEK [kiliklemek], işl., ser. Kiltlemek. 
Bahar turdy-da, açyk işigini çekip, içinden kilkledi 
(A. Gowşudow).
KILKLEMEKLIK [kiliklemeklik], iş ady. 
Kilklemek ýagdaýy. 
KILKLEMEZLIK [kiliklemezlik], iş ady., 
gepl.d., ser. Kiltlemezlik. Ol gapyny içinden 
kilklemän eken. 
KILKLENMEK [kiliklenmek], işl., gepl.d.,ser. 
KiltlenmekGapy kilklenipdir. 
KILKLEŞDIRMEK 
[kilikleşdirmek], 
işl., 
gepl.d., ser. KiltleşdirmekOl äpişgeleri kilkleşdirdi. 
KILKLETMEK [kilikletmek] işl., gepl. d., ser. 
KiltletmekOl agtygyna gapyny kilkletdi. 
KILKLEÝIŞ [kilikleýiş], iş ady, ser. Kiltleýiş
KILO [kilo:], gepl.d., ser. Kilogram. Kyrk kilo 
ser urdy ýygnanan şaýlar (B. Kerbabaýew).  
KILOGRAM [kileğyra:m], at. Ölçeg ulgamynda 
1000 grama deň bolan agyrlyk birligi. 
KILOGRAMLYK [kileğyra:mlyk], syp. Agramy 
kilograma deň, barabar bolan (ölçeg, çeküw daşy). 
Bir kilogramlyk daş. 
KILOLYK [kilo:lyk / ki:lelik], at,gepl.d., ser. 
Kilogramlyk
KILOMETR [kilame:tir], at. 1000 metre deň 
bolan uzynlyk ölçeg birligi.
KILOMETRLIK [kilame:tirlik], syp. Bir 
kilometr aralyk, daşlygy bir kilometre deň. Sekiz 
kilometrlik ýol. 
KILT [kilit] Iat. Gapyny ýapmak üçin ildirgiç,
gulplamak üçin demir halka.

Kiltiňi dikmek (sokmak) bir zat etmegiň 
hyýalynda bolmak.
KILT [kilit] IIat. Ýeňse damary çekmek hem-
de kelläni arkan gaýşartmak ýaly alamatly howply 
çaga keseli. 
KILTLEME [kilitleme], iş ady. Kiltlemek 
ýagdaýy. 
KILTLEMEK [kilitlemek], işl. Kiltini ildirmek, 
ildirgijini, zülpesini ildirip ýapmak. Işigi kiltlemek. 
KILTLEMEKLIK [kilitlemeklik], iş ady. 
Kiltlemek ýagdaýy. 
KILTLEMEZLIK [kilitlemezlik], iş ady.  Kiltini 
ildirip ýapmazlyk. 
KILTLENMEK [kilitlenmek], işl. Kilti, ildirgiji 
ildirilmek. 
KILTLEŞDIRMEK [kilitleşdirmek], işl. Kiltini 
ildirişdirmek, ildirgijini, zülpesini ildirip ýapyşdyryp 
çykmak. 
KILTLETMEK [kilitletmek], işl. Kiltlemek işini 
başga birine etdirmek. 
KILTLEÝIŞ [kilitleýiş], iş ady. Kiltlemek 
ýagdaýy. 
KILTLI [kilitli], syp. 1. Kildi, ildirgiji bolan
Gabsanyň kiltli tarapyny petlä tarap oturdypdyrlar. 
2. Gulply, gulplanan, ildirilgi, bekli. Gapy içinden 
kiltlidir. 
KILTSIZ [kilissiz], syp. 1. Kildi, ildirgiji ýok, 
kilt oturdylmadyk. Kiltsiz gapy. 2. Ildirilmedik, bekli 
däl. Gapy kiltsizdir, göni bar-da giriber. 

 Içi kiltsiz göwni, ruhy päkize, ýüregi arassa, hiç 
hili ýamanlygy bolmadyk, kitüwsiz. 
KILWAN [kilwa:n], at. Degirmende un üwemek 
işinde işleýän işçi, degirmençi. Ol degirmende kilwan 
bolup işleýärdi. 
KILWANÇYLYK 
[küwa:nçylyk], 
at, 
ser 
Kilwanlyk
KILWANLYK [kilwa:nlyk], at. Kilwanyň kesp-
käri. 
KIM, çal. 1. Adama degişli, adam ady bilen 
baglanyşykly ulanylýan sorag çalyşmasy; biriniň 
kimdigini anyklamak üçin berilýän sowal.Kim saňa 
atlary taýýarla diýdi?! (H. Derýaýew). 2. Sorag we 
ýüzlenme 
sözlemlerinde 

haýsy 
adam?”manysynda.Eý ýaranlar, kim ýetişer dadyma? 
Başym çykmaz ne gowgaýa sataşdym (Magtymguly). 
3. Garşylykly many aňladýan sözlemlerde her 
sözlemiň öňünden gaýtalananda: 

biri, beýlekisi, 
birnäçesi, galany

manysynda ulanylýar. Kim nan 
tapmaz iýmäge, Kim ýer tapmaz goýmaga 
(Magtymguly). 4. göç. m. Kowum-garyndaş, 
howandar, hemaýatçy. Ejiz menem, senden özge 
kimim bar, Öz beren janyňa jebr etme, Jepbar 
(Magtymguly). 5. Biri-birine garşy goýulýan 
sözlerden 
soň 
gelip, 
gopbamlyk 
ýa-da 


38 
göwnüýetmezlik manysyny nygtaýjy söz. Sen kim, 
meniň bilen sanaşmak kim? (B. Kerbabaýew).

Kim bilýär bilýän adam ýok, näbelli; bilip 
bolmaz. Kim bilýär, belkem, ertir hut şol tanyş gözler 
suw ýolunda ýa-da derýa kenarynda ikiçäk 
duşuşarlar! (G. Kulyýew). Kimdir biri kim-de bolsa 
bir adam, näbelli biri. Kimdir biri gapdaldan meçew 
berdi (G. Kulyýew).
KIMBILMEŞEK [kimmilmeşek], at. 1. Jogaby 
oýlanyp tapylmaly çaga oýny, matala meňzeş oýun. 
Çagalar kimbilmeşek oýnaýardylar. 2. Goşgy bilen 
ýazylýan matal. 
KIMIN [kimi:n], köm. s.Ýaly, kibi, dek, deýin 
ýaly sözlere we meňzeş sözüne manydaş ulanylýan 
sözsoňy kömekçi.
KIMLIK, 1. syp. Kime degişli, kim bilen 
baglanyşykly. Siziň kimlik işiňiz bar? 2. hal. Kimiň 
tarapynda, kimiň ýarany. Siz futbol oýnunda kimlik 
bolduňyz? 
KIMDE-KIMat. Kim hem bolsa, kimdir biri.
KIMSEçal. Biri, näbelli bir adam. Kimse aglar, 
kimse güler, Gün çykar 
çäşden, dogrusy 
(Magtymguly). 
KINAÝA [kina:ýa], at. 1. Kakdyrma, ýaňsy 
äheňinden duýulýan närazylyk. Ol kinaýa bilen 
seretdi. 2. Ýaňsyly äheňde ýazylýan kiçijik kyssa, 
goşgy. 
KINAÝALAMA 
[kina:ýalama], 
iş 
ady. 
Kinaýalamak ýagdaýy. 
KINAÝALAMAK [kina:ýalamak], işl. Kinaýa 
alyp, kakdyryp sözlemek, gürlemek, aýtmak. Hon-ha, 
götergilenýän adamyň, gör, näme iş edýär? –diýip, 
kinaýalap güldi (A. Gowşudow).
KINAÝALAMAKLYK [kina:ýalamaklyk], iş 
ady. Kinaýalamak ýagdaýy. 
KINAÝALAÝYŞ 
[kina:ýalaýyş], 
iş 
ady. 
Kinaýalamak ýagdaýy. 
KINAÝALY [kina:ýaly], syp. Kinaýa bilen 
aýdylýan, kakdyrylyp aýdylýan. 
KINAÝALYLYK [kina:ýalylyk], at. Kinaýaly 
ýagdaýda bolmaklyk, kinaýa etmeklik, ýaňsa 
alyjylyk. Beýle kinaýalylyk nämä gerek? 
KINDIWAN [kinniwa:n], at. Örän kiçi, kiçijik, 
nakysja. Kindiwanja körpe ýatyr gundagly, Çeper 
eliň çeken suraty ýaly (B.Hudaýnazarow). 
KINE [ki:ne], at. Bir zat sebäpli döreýän öýke, 
göwün galma. 
KINE-KITÜW [ki:ne-kitüw], at, ser. Kine. 
KINELI [ki:neli], syp. Öýkeli, nägile, kinesi 
bolan, göwni döwlen. Tahyrdan göwni kineli, 
Aşyklardan arly daglar (Halk aýdymyndan). 
KINELILIK [ki:nelilik], at. Kinesi barlyk, 
öýkelilik, nägilelik. Kinelilik paýhasly adama 
gelişmeýär. 
KINESIZ [ki:nesiz], syp. Kinesi ýok, öýkesiz. 
Adam diýeniň ownuk-uşak zady göwnüne almasa, 
kinesiz bolsa gowy bolýar. 
KINO [ki:no:], at. 1. Durmuş wakalary ýörite 
sahnalaşdyrylan janly kinoşekiller arkaly beýan 
edilýän sungat eseri. Sesli kino. Sessiz kino. Kino 
artisti. 2. gepl. d. Kinofilm, ekranda görkezilýän 
film. Gyzykly kino. 
KINOFILM [kinofi:lim], at. Görkezmek üçin 
niýetlenen kino lentasy. 
KINOTEATR [kinotiýa:tyr], at. Köpçülik 
öňünde kinofilmleri görkezmek üçin ýörite jaý, kino 
görkezilýän teatr. Olar topar bolup, kinoteatra 
gidýärler. 
KIP I, at. Aşagynda ot ýakylyp, çaý suwy 
gaýnadylmak üçin ulanylýan uly gap, güp.
KIP II, at. Taraplary gönüburçlyk şekilinde 
boglan saman, bede. Bir kip ýorunja bedesi. Bir kip 
saman. 
KIPARLAMA [kipa:rlama], iş ady. Kiparlamak 
ýagdaýy. 
KIPARLAMAK [kipa:rlamak], işl. Diňere, 
dynara ýakynlamak, gowşamak, peselmek (ýagyş, 
çabga we ş.m. hakynda). Daň atmaga az galandyr 
diýlip çaklanýardy, çabga kiparlady (A. Gowşudow).
KIPARLAMAKLYK [kipa:rlamaklyk], iş ady. 
Kiparlamak ýagdaýy. 
KIPARLAMAZLYK [kipa:rlamazklyk], iş ady.  
Kiparlaman ýagmaklyk. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling