KITAPÇA [kita:pça], at. Göwrüm taýdan kiçiräk
kitap, kiçijik kitap.
KITAPHANA [kita:pha:na], at. Çap bolup çykan
kitaplar, gazet-žurnallar saklanýan we okyjylar
köpçüliginiň olary okamagy üçin mümkinçilik
döredýän edara.
KITAPHANAÇY
[kita:pha:naçy],
at.
Kitaphanada işleýän adam, kitaphananyň işgäri.
KITAPHON [kita:pho:n], at, ser. Kitapsöýüji.
KITAPSÖÝÜJI
[kita:psöýüji],
at.
Kitap
okamagy gowy görýän, onuň gadyr-gymmatyny
bilýän, kitapçyl.
KITAPSÖÝÜJILIK [kita:psöýüjilik], at. Kitap
okamagyň gadyr-gymmatyny bilijilik, kitapçyllyk.
Onuň kitapsöýüjiligi çeniň-çakyň däldir.
KITIR, at. Çaý gaýnatmak üçin jüründikli demir
tüňňür, gap.
KITIRDEME, iş ady. Kitirdemek ýagdaýy.
KITIRDEMEK, işl. Agza gant ýa-da ş.m. gaty
zat atylyp çeýnelende kitirdili ses çykmak.
KITIRDEMEKLIK,
iş
ady.
Kitirdemek
ýagdaýy.
KITIRDETDIRMEK,
işl.
Kitirdili
ses
çykartdyrmak.
KITIRDETMEK, işl. Gaty zady kitirt-kitirt edip
iýmek. Owlajyk gökje ter otlary kitirdedýärdi.
KITIRDEWÜK [kitirdöwük], syp. Kitirdili ses
çykarýan, kitirdäp duran. Kitirdewük köke.
KITIRDEÝIŞ, iş ady. Kitirdemek ýagdaýy.
KITIRDI, at. Mal ter ot, bede ýa-da adam gaty
zat iýende çykýan sesiň ady. Körpe ýorunja iýip
duran guzynyň kitirdisi eşidilýärdi.
KITIR-KITIR, at, ser. Kitirt-kitirt. Guzujyk
terje oty çeýnäp, kitir-kitir edýärdi.
KITIRT-KITIRT, s. ş. aňl. söz. Mal ter ot, bede
ýa-da adam gaty zat çeýnände çykýan sesler.
Do'stlaringiz bilan baham: |