KOWUM-GARYNDAŞ [kowum-ğarynnaş], at.
Bir nesilden bolan adamlar, ýakyn we daşgyn
garyndaşlar, ilen-çalan.
KOWUM-GARYNDAŞLYK
[kowum-
ğarynnaşlyk], at.
Kowum-garyndaşlaryň nesil
gatnaşygynyň ýagdaýy, ata-baba bir nesle degişlilik.
Olaryň kowum-garyndaşlyk gatnaşygy bar.
KOWUM-HYŞ [kowum-hy:ş], at, ser. Kowum-
garyndaş.
KOWUS, 1. at, k. d. Ýaý. 2. at. Ýyldyz ady. 3.
Şemsi ýyl hasabynda dokuzynjy aýyň ady. 4. Oglana
dakylýan at.
KOWUŞ, iş ady. Kowmak ýagdaýy.
KOWUŞMAK [kowuşmok], işl. 1. Bir ýerden
başga bir ýere kowmaga kömekleşmek. 2. Bilelikde
kowmak.
KOÝ, at, kön. s. Goýun. Mertler jeňde, toý
içinde, Aç börüler koý içinde (Magtymguly). Çörde
san bar, onda san ýok, Geçileri-koýlary bar (K.
Gurbannepesow).
KÖÇE [köçö], at. Ulagly gatnamak, ýöremek
üçin giň ýol, daş ýol, gara ýol.
Köçe gürrüňi ugursyz, bolgusyz gürrüň. Köçe
gürrüňini ýaýradyp ýörmezler! Köçä sygmazlyk
özüňi hondanbärsi saýmak, çişmek, gomparmak.
KÖÇEME-KÖÇE [köçömö-köçö], at. Köçe
yzyndan köçe (aýlanyp görme, garama, çykma).
KÖH [kö:h]: köhi gelmek ser. Göhi gelmek.
Şeýle bir bolmasy waka bolaýsa, ondan soň obanyň
gepçi aýallarynyň köhi gelýär (A. Gowşudow).
KÖJE [kö:jö], at. Et, sogan goşulyp, jöwenden
bişirilýän, taýynlanýan nahar. Ýetim aşy ýarma köje,
ol hem bişer ýary gije (Nakyl). Parh bilmeze ýarma-
da bir, köje-de (Nakyl).
KÖJELIK [kö:jölük] I, syp. Köje üçin ýararly,
köje bişirer ýaly. Köjelik jöwenimizem öz
ýanymyzdan öndi (A. Gowşudow).
Do'stlaringiz bilan baham: |