44
KÖJEMEKLIK [köjömöklük],
iş ady. Köjemek
ýagdaýy.
KÖJEMEZLIK [köjömözlük],
iş ady. Köjemek
işi ýerine ýetirilmezlik, edilmezlik.
KÖJEŞDIRMEK [köjöşdürmök],
işl. Bir
ýanyndan köjäp çykmak, yzly-yzyna köjäp gutarmak.
Ol horjunlary köjeşdirdi.
KÖJEŞMEK [köjöşmök],
işl. 1. Köjemäge
kömekleşmek.
Horjunlary köjeşmek. 2. Bilelikde
köjemek.
Adamlar içi bugdaýly çuwallaryň agzyny
köjeşip durdular.
KÖJI [köjü],
at. Çuwalyň, torbanyň, horjunyň
agzyny köjemek üçin ulanylýan ýüp.
Ejem çaýy üç
käsä guýup, olary sowatmaga goýdy-da, horjunyň
köji bagyny çözmäge durdy (H. Garabaýew).
KÖJÜG [köjüğ],
at. Argyş çuwalyň, horjunyň
agzyny köjemek üçin, agzynyň gyralaryna berkidilen
halkalar.
Ol horjunyn köjüglerinden ýüp geçirişdirdi.
KÖJÜLIK [köjülük],
syp. Köji bolar ýaly, köji
etmäge ýararly (ýüp).
Köjülik ýüp.
KÖJÜME [köjümö],
at. Köplenç, sanjylyp nagyş
edilýän tikiniň bir görnüşi.
KÖK I,
at. 1. Ösümligiň ýerden ýokumly
maddalary hem-de yzgar alýan ýerasty damarlary.
Çynaryň köki. 2. Bir zadyň özeni, düýbi, esasy.
Türkmenlere özleriniň beýik taryhy köklerini ýada
salmak, özlerini dünýä jemgyýetçiliginiň doly
hukukly we hormatly agzalary hökmünde ykrar
etdirmek üçin örän az wagt gerek boldy (Gurbanguly
Berdimuhamedow,
Garaşsyzlyga
guwanmak,
Watany, halky söýmek bagtdyr).
3.
mat. Derejä
göterilende täze san berýän ululyk.
Do'stlaringiz bilan baham: