Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet90/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   86   87   88   89   90   91   92   93   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÖPBILMIŞSIREMEK, işl. Özüňi köpbilmiş 
hasaplamak, bilimlisirän kişi bolmak. Ne beýle 
köpbilmişsirän bolýarsyň! 
KÖPBURÇLUK [köpburşluk], at, mat. Köp 
burçly geometrik şekil. Köpburçluk çyzmak. 
KÖPÇÜLIK [köpçülük], at. 1. San taýdan 
köplük, üýşen adamlar topary, märeke, mähelle, 
üýşmeleň, jemagat, halaýyk. 2. Jemgyýetçilige 
degişli, jemgyýet bilen baglanyşykly. Ol köpçülik 
işinde işşeňňirlik görkezýär. 
 KÖPÇÜLIKLEÝIN [köpçülüklöýün], syp., hal. 
1. Köpçülik bolup, köp bolup, köplük bolup, köp 
adam bolup. Biz nahal oturtmaga köpçülikleýin 
girişdik. 2. Tutuşlygyna, örän köp.
KÖPEK [köpök], at. 1. Erkek jynsly it. Arkaly 
köpek gurt alar (Nakyl). 2. Oglana dakylýan at. 
KÖPELDILMEK [köpöldülmök], işl. San, 
mukdar taýyndan artdyrylmak. 
KÖPELEGEN [köpölöğön], syp., ser. Köpelgiç. 
KÖPELEGENLIK [köpölöğönlük], at, ser. 
Köpelgiçlik. 
KÖPELGIÇ [köpölğüç], syp. 1. San taýdan 
artýan, barha köpelýän, köpelegen. Çekirtge biçak 
köpelgiçdir. 2. gepl. d. Çişip ýa bişip, göwrüm 
taýdan ulalýan, suwy köp çekip çişýän (tüwi, mäş we 
ş.m. hakynda). Bu tüwi gaty köpelgiç ekeni. 
KÖPELGIÇLIK 
[köpölğüşlük], 
at. 
Köp 
bolaganlyk, köpelegenlik.  
KÖPELIŞ [köpölüş], iş ady. Köpelmek ýagdaýy.
KÖPELIŞMEK [köpölüşmök], işl. Kem-kemden 
artyp başlamak, dura-bara köpelmek. 
KÖPELME [köpölmö], iş ady. Köpelmek 
ýagdaýy. 
KÖPELMEK [köpölmök], işl. San taýdan 
artmak, mukdar, möçber taýdan belli bir derejä 
ýetmek, köp bolmak. Bagşynyň diňçisi durdugyça 
köpelip, ägirt çynaryň saýasy bütin töweregi bilen 
dolupdy (B. Kerbabaýew).  
KÖPELMEKLIK [köpölmöklük], iş ady. 
Köpelmek ýagdaýy. 
KÖPELMEZLIK [köpölmözlük], işl. ady. San 
taýdan artmazlyk, mukdar, möçber taýdan belli bir 
derejä ýetmezlik, köp bolmazlyk. 


48 
KÖPELTDIRMEK [köpöltdürmök], işl. San, 
mukdar taýyndan artdyrtmak. 
KÖPELTMEK [köpöltmök], işl. 1. San we 
mukdar taýdan artdyrmak, köp etmek. 2. hasap. Bir 
sany köpeldijiniň mukdaryna laýyk artdyrmak. Dördi 
bäşe köpeltseň, ýigrimi bolýar. 
KÖPELTMEZLIK [köpöltmözlük], iş ady. 
Sanyny, möçberini artdyrmazlyk. 
KÖPEME [köpömö], iş ady. Köpemek ýagdaýy. 
KÖPEMEK [köpömök], işl. Ýorgan, howut 
kimin galyň, küti zatlary kök atan ýaly edip tikinleriň 
aralaryny açyp tikmek. Ol kölegede howut köpäp 
otyrdy. 
KÖPEMEKLIK 
[köpömöklük], 
iş 
ady. 
Köpemek ýagdaýy. 
KÖPEN [köpön], at. Peşeňe ok salnanda (peşeň 
oklananda) däri bilen seçmäniň arasyna we peşeňiň 
agzyna dykylyp goýulýan keçe bölejigi. 
KÖPENMEK [köpönmök], işl. Özi, hojalygy 
üçin ýorgan, howut we ş.m. köpemek. 
KÖPEŞMEK [köpöşmök], işl. 1. Ýorgan, howut 
köpemäge kömekleşmek. 2. Bilelikde köpemek. 
KÖPEÝIŞ [köpöýüş], iş ady. Köpemek ýagdaýy. 
KÖPGYRAŇLYK,at. Köp gyraňly geometrik 
şekil. 
KÖPLEME [köplömö], iş ady. Köplemek 
ýagdaýy. 
KÖPLEMEK [köplömök], işl. 1. Köp bolup, 
üýşüp, bir zat etmek, hereket etmek. Şonuň üçin-de 
köpläp, agyz birikdirip, bu işiň hötdesinden 
gelmegimiz gerek (B. Seýtäkow). Siz köpläp, meniň 
daşymy çürüzziklediňiz (R. Allanazarow). 2. göç. m. 
Birini köp bolup urmak, daşyna geçmek, ýekelemek. 
KÖPLEMEKLIK [köplömöklük], iş ady. 
Köplemek ýagdaýy. 
KÖPLENÇ [köpülönç], hal. Köp halatlarda, 
hemişe diýen ýaly, aglaba, galaba; adatça.
KÖPLEÝIŞ [köplöýüş], iş ady. Köplemek 
ýagdaýy. 
KÖPMANYLY [köpma:nyly], syp. Manysy köp 
bolan. Köpmanyly sözler. 
KÖPMEK [köpmök], işl. 1. Hamyr alyp, galyp 
ugramak. Hamyr köpüpdir. 2. Ýellenmek, çiş 
ýöremek. Saňa näme boldy, ýüzüň köpüp dur-la ýa 
ýatyp ukyňy almadyňmy? 
KÖPMILLETLI,syp. 
Köp 
milletden, 
halkyýetden durýan, san taýdan köp millet girýän. 
Köpmilletli ýurt. 
KÖPREME [köpürömö], iş ady. Köpremek 
ýagdaýy. 
KÖPREMEK [köpürömök], işl., ser.
Köpürjiklemek. Saça çalnan sabyn köpräp başlady. 
KÖPREMEKLIK [köpürömöklük], iş ady. 
Köpremek ýagdaýy. 
KÖPRETMEK [köpürötmök], işl. 1. ser. 
Köpürjikletmek. Onuň arak sabyny köpredip 
ýuwunmaga başlanam şoldy welin, daşardan bir 
çaganyň aglaýan sesi eşidilip ugrady (B. 
Annageldiýew). 2. göç. m. Gaharly ýagdaýda 
agzynda köpürjik, ýeljik emele getirmek. Biri agzyny 
köpredip gepledi (B. Kerbabaýew).
KÖPRI [köpürü], at. Derýalaryň, demir ýollaryň 
we ş.m. üstünden geçmek üçin gurulýan geçelge. 
Men jybarlap duran ýagşyň aşagynda selpäp 
barşyma iň soňky maşyn geçýän köprä ýetdim (T. 
Gurbanow).

Köprüde galtaşan ýeri ýok aňyrda-bärde hiç 
hili garyndaşlygy, ilteşigi ýok. 
KÖPTARAPLY, syp. 1. Her taraply, köp 
gapdaly, tarapy bolan. Köptaraply burç. 2. Birnäçe 
meseläni, ugry öz içine alýan. Köptaraply mesele. 
KÖPÜÇIŞ [köpüçi:ş], at. Howudy tikmek, 
köpemek üçin ulanylýan 25-30 sm uzynlykdaky, 
gözünden ýüp ötürülýän çiş.
 
Köpüçiş demirden, 
şonuň ýaly-da, gaty agaçdan hem ýasalýar. 
KÖPÜK I, at. 1. Bişirilýän süýdüň, naharyň we 
ş.m. ýüzüne çykýan köpürjik. Naharyň köpügini 
aýyrmak. 2. Esreýän erkegiň, uzak çapylýan atyň 
agzynda emele gelýän köpürjik. Gyşyň çillemes 
erkekleri dişlerini çalşyp, agyzlaryny ak köpük 
edişip, biri-birine kükreşýärdi (N. Pomma).
KÖPÜK II, at, taryh. Hümmeti manadyň ýüzden 
bir bölegine deň bolan iň ownuk pul birligi. 
KÖPÜKLEME 
[köpüklömö], 
iş 
ady. 
Köpüklemek ýagdaýy. 
KÖPÜKLEMEK [köpüklömök], işl. Gaýnaýan 
zadyň ýüzünde köpük emele gelmek. Nahar 
gaýnamanka köpükläp başlaýar. 
KÖPÜKLEMEKLIK [köpüklömöklük], iş ady. 
Köpüklemek ýagdaýy. 
KÖPÜKLEMEZLIK [köpüklömözlük], iş ady. 
Köpük emele gelmezlik. 
KÖPÜKLETMEK [köpüklötmök], işl. 1. 
Gaýnaýan zadyň ýüzüne köpük galdyrmak, 
köpüklemek derejesine ýetirmek. 2göç. m. Belli bir 
sebäbe görä agyzda ýeljik, köpük emele getirmek. 
Gaty gyssalyp sürleni sebäpli at agzyny köpükledip 
geldi. 
KÖPÜKLEÝIŞ 
[köpüklöýüş], 
iş 
ady. 
Köpüklemek ýagdaýy. 
KÖPÜN, at. Ölen adamyň jesedi dolanýan 
ýeňsiz, ýakasyz ak mata, kepen. Köpün tikmek
Köpün biçmek
KÖPÜNLEME 
[köpünlömö], 
iş 
ady. 
Köpünlemek ýagdaýy. 
KÖPÜNLEMEK [köpünlömök], işl. Ölen 
adamyň jesediniň daşyna köpün dolamak, köpün 
geýdirmek, kepenlemek. Ine, şonuň üçin aty ölensoň, 
eýesi ony köpünläp gömüpdir diýip eşiderdik (B. 
Annageldiýew).
KÖPÜNLEMEKLIK [köpünlömöklük], iş ady. 
Köpünlemek ýagdaýy. 
KÖPÜNLEÝIŞ 
[köpünlöýüş], 
iş 
ady. 
Köpünlemek ýagdaýy. 
KÖPÜNLIK [köpünlük], syp. Köpün üçin, 
köpün bolar ýaly. Köpünlik biz. 
KÖPÜRJIK [köpürjük], at. 1. Sabyn bilen geýim 
we ş.m. ýuwlanda döreýän ak ýeljik, köpük. Sabynly 
suwdan doly bedräniň gögümtil köpürjigi erňeginden 
syrygýardy. 2. Suw tolkunynyň ýüzünde emele 
gelýän akjymak ýeljik. 


49 
KÖPÜRJIKLEMEK [köpürjüklömök], işl. 1. 
Sabyn we ş.m. bilen geýim-gejim ýuwlanda köpürjik 
emele gelmek. 2. Suw tolkunlary netijesinde suwuň 
ýüzünde ak ýeljik emele gelmek. 3. Käbir bişirilýän 
naharyň ýüzünde gaýnamy çykmanka ýeljik emele 
gelmek. Palaw bişirmek üçin, gazana salan ýagy 
ýanyp-ýanmanka etini atdy, ýag köpürjikledi (B. 
Seýtäkow).
KÖPÜRJIKLETMEK [köpürjüklötmök], işl. 
Köpürjiklemek derejesine ýetirmek. 
KÖPÜÝÜP, at. Howudy köpemek üçin işilip 
taýýarlanýan inçe ýüp. 
KÖPÝYLLYK, syp. 1. Köp ýyla niýetlenen, köp 
ýylda ýerine ýetirmek üçin düzülen. Ol özüniň 
köpýyllyk meýilnamasyny ýolbaşçysyna hödürledi2. 
Bir ýyl ekilenden soň, indiki ýyllarda-da özi 
gögerýän, köp gezek hasyl berýän (ösümlik 
hakynda). Köpýyllyk ösümlik. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   86   87   88   89   90   91   92   93   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling