Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KÖREKLEME  [kö:röklömö],  iş  ady.  Köreklemek ýagdaýy.  KÖREKLEMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet93/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   89   90   91   92   93   94   95   96   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÖREKLEME 
[kö:röklömö], 
iş 
ady. 
Köreklemek ýagdaýy. 
KÖREKLEMEK [kö:röklömök], işl. Kem-
kemden şöhlesi gaçmak, öçügsi bolmak, şöhlesi 
tutulmak. Çyra kem-kemden körekledi-de,ahyry hem 
söndi. 
KÖREKLEÝIŞ 
[kö:röklöýüş], 
iş 
ady. 
Köreklemek ýagdaýy. 
KÖRE-KÖR [kö:rö-kö:r], hal. Hiç bir zada 
daýanman, düşünmän, esaslanman; aňşyrman. Köre-
kör hereket etmek. 
KÖRE-KÖRLÜK [kö:rö-kö:rlük], at. Hiç zada 
daýanmazlyk, düşünmezlik, esaslanmazlyk.  
KÖREME [kö:römö], iş ady. Köremek ýagdaýy. 
KÖREMEK [kö:römök], işl. Tutaşyp ýanyp 
başlamak. Gandym kömri köräp, dumly-duşa 
uçganaklap syçraýardy (A. Gowşudow).
KÖREMEKLIK 
[kö:römöklük], 
iş 
ady. 
Köremek ýagdaýy. 
KÖREŞMEK [kö:röşmök], işl. Hemmesi köräp, 
başlamak. Ojakdaky kömürler körügiň ýeline köreşip 
başlady. 
KÖRETMEK [kö:rötmök], işl. Körär ýaly 
etmek, tutaşdyrmak. Ojagyň oduny, körügiň kömrüni 
köretmek. 
KÖREÝIŞ [kö:röýüş], iş ady. Köremek ýagdaýy. 
KÖRIÇEGE [kö:riçeğe], at. 1. Ýogyn içegäniň 
başlanýan ýerinde ýerleşýän barmak şekilli ösüntgi. 
Adamyň iç goşundaky köriçegäni kesip aýyrmak 
mümkin. 2. gepl.d.Şol içegäniň zaýalanmagyndan 
döreýän kesel. Köriçege bolup, keselhana düşmek. 
Lukman onuň köriçegedigini kesgitläp bildi. 


50 
KÖR-KÖPÜK [kö:r-köpük], hal. Hiç zat, 
ujypsyz pul. Kör-köpügiň bolmazlyk. 
KÖRLEÇ [kö:rlöç], hal.1. Köre ýakyn, gözi oňly 
zat saýgarmaýan. 2. göç.m. Tejribesi, ukyby az, zat 
seljermeýän, saýgarmaýan. 
KÖRLEME [kö:rlömö],iş ady. Körlemek 
ýagdaýy. 
KÖRLEMEK [kö:rlömök], işl. Ilki sanjymyň 
ujuny basdyryp, sypmaz ýaly tikmek. Ol keteni 
köýneginiň tikininiň ujuny körledi. 
KÖRLEMEKLIK 
[kö:rlömöklük],iş 
ady. 
Körlemek ýagdaýy. 
KÖRLERÇE 
[kö:rlörçö], 
hal. 
Öz 
paýhasyňa,pähimiňe 
geňeşmän, 
oýlap-çenläp 
görmän, köre-körlük bilen. 
KÖRLÜK [kö:rlük], at. 1. Görmekden 
mahrumlyk, gözi görmezlik; körüň ýagdaýy. Ol 
körlük bilen öwrenişen adamdy. 2. göç. m. Nadanlyk, 
durmuş meselelerinden baş çykaryp bilmezlik. 
KÖRMÜŞ [kö:rmüş] I, at. Öýlerde, ammarlarda 
ýaşaýan gemriji kör syçan. 
KÖRMÜŞ [kö:rmüş] II, syp. Gözüniň görşüniň 
ugry bolmadyk, köre ýakyn. Täç gyssap körmüş 
kempirini yzyna tirkäp gapydan girdi (N. Pomma).
KÖRPE [körpö] I, at. 1. Maşgaladaky iň kiçi, iň 
soňky çaga. Onuň körpe ogly. 2. Ösüp barýan nesil, 
ýaş. 3. syp. Iň kiçi. Otursyn orpa gelin, Oýnasyn 
körpe gelin (Halk döredijiliginden). 4. syp. Heniz 
kemala gelmedik, täze ekilen, ýaş, berkişmedik, ösüp 
barýan (ösümlik we ş.m. hakynda). Köçäniň iki 
tarapyny ýaşyl öwsüp oturan körpe çynarlar bezeýär. 
5. Adam ady. 
KÖRPE [körpö] II, at, gepl.d. Ustünde oturmak 
üçin kiçijik düşekçe. Pereňi çitden dokuz gat körpe 
düşedi (“Nejep oglan”). Adam bardyr, körpe ýanyn 
agyrdar, Adam bardyr, şal, kiz ýanyna degmez 
(Magtymguly). 
KÖRPE [körpö] III, at. Täze ekilen ýaş ýorunja. 
Men saňa iýdirdim körpe, Bedewler içinde türpe 
(

Görogly

). – Barganyň ýagdaýy şunuň ýaly, 
körpäniň ýagdaýy şunuň ýaly – diýip, bugdaý 
ekinçiligi barada gürrüň gyzygyp başlady (A. 
Gowşudow).
KÖRPEÇ [körpöç], at. Owlak-guzy salmak üçin 
ýerden gazylyp ýa-da agaçdan taýýarlanýan ýatak.  
KÖRPEÇE [körpöçö], at, ser. Körpe. Ol 
körpeçäniň üstünde gyşardy. 
KÖRPELIK [körpölük], hal. Ýaş, kiçi, 
ýetişmedik, kemala gelmedik ýagdaýda bolmaklyk. 
KÖRSYÇAN [kö:rsyçan], at. 1. Alaňňyrtlar 
maşgalasyna degişli gemrijileriň bir urugy. 2. gepl. d. 
Ýarganat. Lors, körsyçan ýaly haýwanlaryň san-
sajagy ýok. 
KÖRÜGIŞ [kö:rüğüş], iş ady. Körükmek 
ýagdaýy. 
KÖRÜK [kö:rük], at. 1. Demirçi ussalaryň, 
zergärleriň metal gyzdyrmak, eretmek üçin ýönekeý 
usulda ýel berip, kömri körükdirýän desgasy. Körügiň 
kömürdanyna agajyň ýonuşgalaryny salyp, onuň 
üstünden kömür goýup, kükürt çakyp otlady (N. 
Pomma). 2. Tamdyryň, ojagyň içine ýel urar ýaly, 
tüsse çykar ýaly aşak başynda goýulýan deşik. Tilki 
bir tamdyryň körüginden ullakan bir tegelek ýagly 
külçe tapypdyr (Halk ertekisinden). 3. göç. m. Bir 
zadyň başlanýan, tutaşýan ýeri, ojagy. Urşuň
körüginden geçen bu adam ruhdan düşmedi, uruş ony 
ýeňip bilmedi (

Edebiýat we sungat

). Belanyň 
körügi. 

 Körügine ýel bermek bir işi etmek üçin birini 
küşgürmek, gep berip, bir işe itermek, meçew 
bermek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   89   90   91   92   93   94   95   96   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling