Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KÜDELEÝIŞ [küdölöýüş], iş ady. Küdelemek  ýagdaýy.  KÜDELEÝJI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet101/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   97   98   99   100   101   102   103   104   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÜDELEÝIŞ [küdölöýüş], iş ady. Küdelemek 
ýagdaýy. 
KÜDELEÝJI [küdölöýjü], at. Bede ýa-da 
ýandak we ş.m. küde edýän, küde basmakda 
ulanylýan maşyn. 
 KÜDÜŇ, at. 1. Geýimiň ýygyrdyny ýazmak 
üçin ulanylan ýylmanak daş. Ol bukjadan çykaran 
ketenisiniň epin tutan ýerlerinden küdüň ýöretdi. 2.
Harsaň keseklerini owradyp, gaty toprakly ýerleriň 
ýüzüni tekizlemek üçin ulanylýan gural. – Eý, joçga, 
kesekleri ýörite küdüň* bilen owratmaly (Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Döwlet guşy, 105 s.).
KÜFGAR [küfğa:r], at, kön.s. Kapyrlar. 
Ýalançyny küfgar alsyn, oz diniňe pugta bol (Aýtgy).
KÜHHE-KÜHHE 
[kühhö-kühhö]
kühhe-
kühhe etmek kesellilik zerarly içiňe zor salyp 
üsgürmek, yzly-yzyna üsgürmek. Ol içini çekip, 
eginlerini silkip, kühhe-kühhe edip, birnäçe gezek 
üsgürdi. 
KÜJI [küjü], at. Dokalýan dokmanyň erşine bat 
berýän, erişleriň ornuny çalşyrýan halka görnüşli ýüp. 

Küji agajy daşyna küji ýüpi aýlanýan, 
dokmanyň erşini ýokary göterýän, dokmanyň ini 
bilen deň togalak agaç. Küji galdyrgyç küji agajynyň 
iki ujunyň aşagynda goýulýan, palçykdan edilen 
dikeç, küji ýassyk. Küji susmak küji dokmanyň
erşine gyradeň barmadyk wagtynda el bilen eltmek.  
Küji ýassyk ser. Küji galdyrgyç. Küji ýüp küji 
etmek üçin ýörite bükdürilen ýüp. 
KÜJÜLEME [küjülömö], iş ady. Küjülemek 
ýagdaýy. 


56 
KÜJÜLEMEK 
[küjülömök], 
işl. 
Dokma 
ýüwürtmekde erişleri küjüden geçirmek; küji etmek. 
Dokmanyň erşini küjülemek. 
KÜJÜLEMEKLIK [küjülömöklük], iş ady. 
Küjülemek ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   97   98   99   100   101   102   103   104   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling