Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KÖÝMEKLIK [köýmöklük], iş ady. Köýmek  ýagdaýy.  KÖÝMET


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet97/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   93   94   95   96   97   98   99   100   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÖÝMEKLIK [köýmöklük], iş ady. Köýmek 
ýagdaýy. 
KÖÝMET [köýmöt], at. Aýallaryň pişmedir 
çapady bişirip, toýa eltýän sowgatly saçagy. Her gün 
saçak, pişme-köýmetli gelen aýallar oglany ýüzüne 
sylýarlar (A. Gowşudow). 
KÖÝNEK [köýnök], at. Her hili matadan 
tikilýän, egne geýilýän ýuka geýim. Onuň egninde 
keteni köýnegi, mahmal kürtesi bardy (G. Kulyýew). 
Köýneginiň jübüsinden eplengije depder-kagyzyny 
çykardy-da, epinlerini ýazyşdyrdy (K. Berdiýew).
KÖÝNEKÇE [köýnökçö], hal. 1. Egni diňe 
köýnekli, köýnegiň daşyndan hiç zat geýmedik. 
Ertirine we agşamyna köýnekçe... gezmek mümkin 
däldi (N. Esenmyradow). 2at. Atyň eýeriniň üstüne 
atmak üçin haly ýaly dokalýan ýa-da palas ýaly 
öýdelýän gyrasy seçekli esbap, jul. Köýnekçäni 
agdygrak saldy (

Görogly

). 
KÖÝNEKLIK [köýnöklük], at. Köýnek bolar 
ýaly, köýnek tikmäge niýetlenen (mata). Men ertir 
bazardan gelşime iň gymmatbaha ýüpek köýneklik 
alyp bererin (N. Saryhanow).
KÖÝÜK,at. Ýanyk, ýanan zat. Birdenkä köýük 
ysy gelip başlady (

Edebiýat we sungat

). 
KÖÝÜP-BIŞMEK, işl., ser. Köýmek 3. Oňa ene 
süýdüni 
emdirmänligine 
köýüp-bişýärdi 
(G. 
Kulyýew). 
KÖÝÜŞ, iş ady. Köýmek ýagdaýy. 
KÖZ [kö:z], at. 1. Ýanyp, küle ýa-da kömre 
öwrülmedik ot bölegi, tokga ot. Gazanyň 
gapdalyndaky ojakda diňe köz gyzaryp ýatyrdy (B. 
Seýtäkow). 2. göç.m. Köz ýaly, közüň täsiri ýaly. 
Eşitseň ýaman söz ýagşy dostuňdan, Ýanar durar, 
ýüregiňde köz bolar (Seýdi). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   93   94   95   96   97   98   99   100   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling