Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet100/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   96   97   98   99   100   101   102   103   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KUÝAŞ [kuýoş], at, şahyr. Gün (togalak şekilli 
örän gyzgyn asman jisimi). Husnuňa tap bermez 
kuýaşyň nury, Ýüzüň meňzär mahy-tabana, gözel 
(Kemine).
KUÝUN, at. Tüweleý. Köýüňde kuýun deý awara 
bolsam (Mollanepes). 
KÜÇEN [küçön], at. Düýe ýa ýaby bilen ýer 
sürlende malyň boýnunyň sürtülmezligi üçin, 
boýunturugyň astyndan, samaçawlaryň aralygyndan 
togalanyp, düýrlenip goýulýan köne keçe we ş.m. 
zat. Alaşa boýnuna küçen salnyp, boz agta 
ýanaşdyrylanda haýkyrdy (B. Kerbabaýew).

Küçen ýaly düýrlenen ýaly, togalanan ýaly, 
bükülen ýaly. Ol küçen ýaly bolup bükülip ýatyrdy. 
KÜÇENLIK [küçönlük], syp. Küçen eder ýaly, 
küçen etmäge ýaramly, küçen etmäge niýetlenen. 
Küçenlik köne güpbi. 
KÜDE [küdö], at. 1. Bir ýere basylan bede
ýandak we ş.m. üýşmegi, küt. Ot küdeleri. 2. göç.m. 
Tertipli-tertipsiz baslygyp ýatan zatlaryň toplumy. Içi 
gyrlyp taşlanan pelleler, baýryň bir bölegi ýaly, küde 
bolup ýatyr (B. Kerbabaýew). 
KÜDE-KÜDE [küdö-küdö], syp. Üýşürilip 
goýlan birnäçe küde; üýşmek-üýşmek, topbak-
topbak. Otlar küde-küde edilip üýşürilipdir. 
KÜDELEME [küdölömö], iş ady. Küdelemek 
ýagdaýy. 
KÜDELEMEK [küdölömök], işl. Bedäni, 
ýandagy küde edip basmak, desselerden ýa 
petdelerden küde etmek. Bede küdelemek işi 
tamamlanyp barýar. 
KÜDELEMEKLIK [küdölömöklük], iş ady. 
Küdelemek ýagdaýy. 
KÜDELEMEZLIK [küdölömözlük], iş ady.  
Küde edip basmazlyk. 
KÜDELENMEK [küdölönmök], işl. Ot we ş.m. 
zatlar küde-küde edilmek. Ýatyrylan ýandak 
küdelendi. 
KÜDELEŞDIRMEK 
[küdölöşdürmök], 
işl. 
Bedäni, ýandagy we ş.m. bir ýanyndan küde edip 
başlamak, küde edip çykmak. Ol ýatan petdeleri 
küdeleşdirip çykdy. 
KÜDELETMEK [küdölötmök], işl. Küdelemek 
işini başga birine etdirmek, bedäni, ýandagy we ş.m. 
küde-küde 
etdirmek. 
Onda-munda 
görünýän 
desseleri küdeletdi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   96   97   98   99   100   101   102   103   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling