Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KÖZEME [kö:zömö], iş ady. Közemek ýagdaýy.  KÖZEMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet98/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   94   95   96   97   98   99   100   101   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÖZEME [kö:zömö], iş ady. Közemek ýagdaýy. 
KÖZEMEK [kö:zömök], işl. Köze öwrülmek. 
Ýanyp duran ojar oduny soňabaka közäp başlady.
KÖZEŞMEK [kö:zöşmök], işl. Bir ýanyndan 
közäp ugramak. Ojakdaky omçalar közeşip ugranda, 
çopan gara kündügi közüň içine süssürip oturtdy. 
KRATER [kyra:ter], at.Ýanardagyň (wulkanyň) 
çür başynda ýerleşýän we içinden ot, gyzgyn läbik, 
kül atylyp çykýan deşik.
KREMASIÝA 
[kirema:siýa], 
at
Aýratyn 
peçlerde 
ölen 
adamyň 
jesedini 
ýakmaklyk.  
Kremasiýa etmek
KREMATORIÝ [kiremato:riý], at. Kremasiýa 
etmek üçin ýörite abzallaşdyrylan jaý.
KREMNIÝ [kire:mniý], at. Metal ýaly 
ýalpyldyly garamtyl-çal kristallar, himiki element. 
KRISTAL [kirista:l], at, him. Bölejikleri
(atomlary, ionlary ýa-da molekulalary) belli bir 
yzygiderlilikde gaýtalanýan tertipde ýerleşen (gaty 
ýa-da suwuk) jisim. 
KROKODIL [kyrakady:l], at. Tropik ýurtlarda 
suwda ýaşaýan galyň hamly süýreniji haýwan. 
KROWAT
[kyrava:t], 
at. Üstünde ýatmak üçin 
agaçdan ýa-da metaldan ýasalan dört aýakly, bir 
adamlyk ýa-da iki adamlyk öý goşy, mebel.
KUB [ku:p], at1mat. Bir sanyň üçünji derejesi. 
2. Göwrüm ölçeg birligi. 
KUBOK [ku:bok], at, sport. Sport ýaryşlarynda 
berilýän baýrak. Hormatly Prezidentimiziň gysga 
döwürde Halkara karate federasiýasy tarapyndan 
gara guşagyň iň ýokary 6-njy danyna, Aziýanyň 
Olimpiýa geňeşiniň ordenine, Halkara awtomobil 
federasiýasynyň we 

Ýüpek ýoly 2009

rallisiniň 
guramaçylyk komitetiniň ýokary Kubogyna mynasyp 
bolmagy milli Liderimiziň halkara ykrarnamasyna 
eýe bolýandygyny aňyrýany bilen subut edýär
(

Saglyk

).


55 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   94   95   96   97   98   99   100   101   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling