Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


göç. m. Öz ugruna goýberilmezlik, aýagy  baglanmak. KÖSSEKLEŞDIRMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet95/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   91   92   93   94   95   96   97   98   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

2. göç. m. Öz ugruna goýberilmezlik, aýagy 
baglanmak.
KÖSSEKLEŞDIRMEK [kössöklöşdürmök], 
işl. Birnäçe ýabynyň ýa-da eşegiň aýagyny 
kösseklemek, 
kössek 
salyp 
çykmak. 
Ol 
myhmanlaryň ýabylaryny kössekleşdirip ýördi. 
KÖSSEKLEŞMEK [kössöklöşmök], işl. 1
Kössek bilen baglamaga kömekleşmek. Ol ýabylary 
kössekleşdi. 2. Bile kösseklemek. Olar atlary 
kössekleşip durdular.  
KÖSSEKLETMEK 
[kössöklötmök], 
işl. 
1.Kössek bilen baglatmak, kössek bilen daňdyrmak. 
Eşegi kössekletmek. 2. göç. m. Öz ugruna 
goýbermezlik, aýagyny baglatmak. Kakaň gelsin 
bakaly, men oňa seniň aýagyňy kösseklederin. 
KÖSSEKLEÝIŞ 
[kössöklöýüş], 
iş 
ady. 
Kösseklemek ýagdaýy. 
KÖS [kö:s], at, sazç. Ýörite ýasalan 
tokmajyklar arkaly kakylyp çalynýan saz guraly. 
Kös kakylyp çalynýan saz gurallarynyň iň ulusydyr. 
KÖST [kö:s(s)], at. 1. Bir zatda, işde bolýan 
kemçilik, ýetmez, ýetmezçilik. Onuň eden işiniň 
kösti bolmaz. 2. Zyýan, zelel, zeper. Onuň üstüne-de, 
bütin ile kösti ýetdi (B. Kerbabaýew).
KÖSTLI [kö:slü], syp. Kemi, ýetmezi bar, 
köstsüz, kemçiliksiz däl. 
KÖSTSÜZ [kö:ssüz], syp. Hiç bir kemçiliksiz, 
ýetmezi bolmadyk, kemsiz gowy. Ekişe köstsüz 
taýýarlandyk. 
KÖSÜK, at. 1. Gumda bitýän, düýbi hem 
ýapragy käşiriňkä meňzeş, düýbi iýilýän ýabany 
ösümlik. 2. Noýba, künji ýaly ösümliklerde hasyl 
emele gelýän hana. Onuň reňki saralypdyr, 
kösükleriniň agzy çala ýyrşaryp görünýär (B. 
Kerbabaýew). 

Kösük ýaly (kimin) barmak inçeden uzyn, 
owadan barmak. Kösük ýaly çişmek gaty çişmek. 
Ýykylyp agyrdan aýagy kösük ýaly çişen eken. 
KÖSÜKLEME 
[kösüklömö], 
iş 
ady. 
Kösüklemek ýagdaýy. 
KÖSÜKLEMEK 
[kösüklömök], 
işl.
1. Düýbünde kösük emele gelmek, hasyla durup 
başlamak. 2. Noýba, künji ýaly ekinleriň hasyly 
görnüp başlamak. 
KÖSÜKLEMEKLIK [kösüklömöklük], iş ady. 
Kösüklemek ýagdaýy. 
KÖSÜKLI [kösüklü], syp. Kökünde hasyl emele 
gelyan ösümlik (käşir, şugundyr we ş.m.) . Kösükliler 
maşgalasy käşir, şugundyr ýaly ekinleri öz içine 
alýar. 
KÖSÜKLEÝIŞ 
[kösüklöýüş], 
iş 
ady. 
Kösüklemek ýagdaýy. 
KÖŞE [kö:şö] I, at, kön. s. Burç, çet, künjek, 
tarap. 
Her 
köşede 
nyýaz 
ornun 
gizlegin 
(Magtymguly). 
KÖŞE [kö:şö] II, at. Çuwalyň ýa-da torbanyň iki 
gapdalyndan ýüp geçirmek ýa-da el bilen tutup 
götermek 
üçin 
goýulýan 
halka. 
Düýeleri 
ýygnaşdyryp, çuwallaryň köşelerine bagyny ilteşdirdi 
(A. Gowşudow). 
KÖŞEK [kö:şök], at. 1. Düýäniň alty aýdan uly 
bolmadyk çagasy. Akmaýa aldyrsa elden köşegin, 
Bagryn bozup, bozlamaýan bolarmy? (Magtymguly). 


52 
2. Söýlüp, oňat görlüp çagalara, oglanlara aýdylýan 
söz. Şonuň ýaly, köşegim, men özüm dogumly ýigitleri 
gowy görýärin (N. Saryhanow). 3. Oglana dakylýan 
at. 

Köşekli düýe tamakin dällik uly zat soramak 
niýeti ýokluk, uly sylaga garaşmazlyk. Ol senden 
köşekli düýe tamakin däldir. 
KÖŞEMEK [köşömök], işl., gepl. d., ser. 
Köşeşmek. Amanyň gahary köşedi. 
KÖŞEŞDIRMEK [köşöşdürmök], işl. 1. Birini 
bir 
tär 
bilen 
ýuwaşatmak, 
teselli 
berip 
rahatlandyrmak, 
basalyk 
bolup, 
ýüregini 
düşüşdirmek, aram tapdyrmak. Köşeşdirjek bolup, 
teselli berjek bolup, azara galmaň (A. Nazarow).
2. Märekäniň, adamlaryň sesini, gowruny ýatyrmak. 
KÖŞEŞMEK [köşöşmök], işl. 1. Ýüregiň 
düşüşmek, aram tapmak, ynjalyk aralaşmak; gaharyň 
ýatyşmak. 2. Ýagnyň ýagmasy, ýeliň ösmesi ýaly 
zatlar ýatyşmak, peselişmek, diňişmek. Ýagyş biraz 
köşeşdi, howa açyljak ýaly etdi (B. Kerbabaýew).
3. Märekäniň, üýşen adamlaryň sesi, gowry 
ýatyşmak. 
KÖŞETMEK [köşötmök], işl. 1. Teselli berip 
rahatlandyrmak, 
ynjaltmak, 
ýuwaşatmak, 
köşeşdirmek. Ýaplanyp oturan kepbesine oýkanyp, 
ýagyrnysynyň gijisini köşetdi (H. Derýaýew). 2. Gep-
gürrüňi, galmagaly we ş.m. ýuwaşatmak, ýatyrmak, 
peseltmek. 
KÖŞEÝIŞ [köşöýüş], iş ady. Köşemek ýagdaýy. 
KÖŞK [köşük], at. 1. Ýurduň baştutanynyň 
bolýan jaýy. 2. Gurluşyk, binaçylyk aýratynlygy 
bilen tapawutlanýan jemgyýetçilik maksatly uly jaý, 
ymarat. Ol mundan beýläk ruhy we medeni merkeze 
öwrülip, halka hyzmat eder (

Watan

). Ruhyýet koşgi.
KÖTEGARABA 
[kötöğarava], at, gepl.d. 
Tigriniň daşy demir gurşawly araba. 
KÖTEK [kötök], at. 1. Urgy, ýumruk, bir zadyň 
depesinden inderilýän agyr zat. Kötek güýçli bolsa, 
ýüň gazyk ýere girer (Nakyl). 2. göç. m. Berilýän 
igenç, iňirdi; tankyt. 

Kötek iýmek urulmak, ýenjilmek, käýelmek, 
igenç eşitmek. 
KÖTEKLEME [kötöklömö], iş ady. Köteklemek 
ýagdaýy. 
KÖTEKLEMEK [kötöklömök], işl. Ýazgarmak, 
iňirdemek, igenmek; tankyt astyna almak. 
KÖTEKLENMEK [kötöklönmök], işl. Kötek 
iýmek, igençli käýelmek. Geçen ýygnakda ol gaty 
köteklenipdir. 
KÖTEKLEŞMEK [kötöklönmök], işl. Biri-
biriňi köteklemek. 
KÖTEKLETMEK [kotöklötmök], işl. Igenç, 
käýinç azabyny çekdirtmek. 
KÖTEKLEÝIŞ 
[kötöklöýüş], 
iş 
ady. 
Köteklemek ýagdaýy. 
KÖTEL [kötöl], at. 1. Ýoluň kem-kemden 
beýgelýän ýeri, ýapy ýokary galýan, çykmasy agyr 
ýol. Olar atlaryny käte ýorgaladyp, käte säpjedip, 
daglaryň jülgelerini syryp, belent-belent kötellerden 
geçipdirler (N. Pomma). 2. göç. m. Kynçylyk, azap, 
agyr ýagdaý.
KÖTELLI [kötöllü], syp. Ýapy ýokary galýan, 
kötel ýerli. Kötelli ýollar. 
KÖTELLIK [kötöllük], at. Kötel ýer.
KÖW, at. Suwuň gitmegi, toplanmagy sebäpli 
köwlen ýer. Murgap derýasynyň aýagy ýagşy guma 
girip giden ýerinde Garaçuňňul atly bir köw bardy 
(H. Derýaýew).
KÖW: köw salmak gara bermek, bir ýerde 
görünmek, 
köwlemek. 
Dagy-duwara 
biziň 
gapymyza köw salaýsaň, heziliňi alaryn – diýip, onuň 
yzyndan hemle urdy (A. Gowşudow). 
KÖWDÜRMEK [köwdürmök], işl. Bir ýeri ýa-
da bir zadyň düýbüni birine oýdurmak. Köne jaýyň 
diwarynyň aşagyny köwdürmek. 
KÖWEJEKLEMEK 
[köwöjöklömök], 
işl. 
Howatyrly garanyp, bir zadyň töwereginde aýlanyp 
ýörmek. Ol Jumagülüň öýüniň töwereklerinde 
köwejekläp ýördi. (

Edebiýat we sungat

). Nalaç 
bolup, içerden çykyp gitdi bu garry, Köwejekläp, 
yzyna bakyp gitdi bu garry (M. Seýidow).
KÖWEJEKLEŞMEK [köwöjöklöşmök], işl. 
Köp bolup köwejeklemek. Okuwyna gijä galan 
çagalar mekdebiň töwereginde köwejekleşip ýördüler. 
KÖWEJEŇLEMEK [köwöjöňlömök], işl., ser. 
Köwejeklemek. 
KÖWEJEŇLEŞMEK [köwöjöňlöşmök], işl., 
ser. Köwejekleşmek. 
KÖWEK [köwök], at. 1. Agaçlarda, köne 
haýatlaryň düýbünde we ş.m. ýerde gazylan hin, 
çukurjyk. Selbi göz açyp-ýumasy salymda güjümiň 
köweginde gizlendi (N. Jumaýew). 2. Daglarda, 
depelerde we ş.m. ýerde tebigy suratda emele gelen 
gowak. Aýagy gapanly ýyrtyjy özüni köwege atypdyr-
da, şol ýerde ýatypdyr. 3at, göç.m. Oýnalyp ýören, 
oýnatgy, aňkaw, mah, boş, akylsyz. Sen-ä bir köwek 
ekeniň. 
KÖWEKLIK [köwöklük], at. 1. Köwek köp ýer. 
2
Oýnatgylyk, 
köwegiň 
gylyk-häsiýeti. 
Köwekliginden peýdalanyp, ony her kim bir ugra 
küşgürýär. 
KÖWELIŞ [köwölüş], iş ady. Köwelmek 
ýagdaýy. 
KÖWELIŞMEK [köwölüşmök],işl. Hinleriň we 
ş.m. agzy köwek ýaly bolup, haňlap durmak. 
Toplaryň nilleriniň agzy köwelişip dur (

Edebiýat we 
sungat

). 
KÖWELME [köwölmö], iş ady. Köwelmek 
ýagdaýy. 
KÖWELMEK [köwölmök], işl. Biriniň ýa bir 
zadyň gapdalynda gomalyp ýörmek, köwejeklemek, 
aýak üstünde galgamak.
KÖWELMEKLIK [köwölmöklük], iş ady. 
Köwelmek ýagdaýy. 
KÖWELTMEK [köwöltmök], işl. 1. Bir zadyň 
içine ýel düşüp gübermek, gallagmak. Ol ilki 
öýünden çykyp batly ugranynda jiltgesini ýel 
köweltdi (A. Durdyýew). 2. Köwek ýaly edip, agzyny 
giňden açmak. Agzyny köweldip, ile geplemäge ýol 
bermedi.  


53 
KÖWERJEKLEMEK [köwörjöklömök], işl., 
ser. Köwejeklemek. Itden gorkanyň bolşy ýaly, 
birnäçe gezek yzyna garanjaklap, köwerjekläp gitdi 
(B. Kerbabaýew).
KÖWERJEKLEŞMEK [köwörjöklöşmök], işl., 
ser. Köwejekleşmek. 
KÖWLEME [köwlömö] I, II, iş ady. Köwlemek 
ýagdaýy. 
KÖWLEMEK [köwlömök] I, işl. Bir ýa birnäçe 
zadyň düýbüni dowamly köwmek, köwüp 
goparmak. Olar töňňeleri köwläp aýyrmagy, ýeri 
sürüp, oňa gowaça ekmegi karar etdiler. Käşir 
köwlemek.  
KÖWLEMEK [köwlömök] II, işl. Ara köp wagt 
salman gelmek, aýlanmak; gijä galman gelmek, 
wagtynda yzyňa dolanmak.Ynha, bir aý dagy boldy 
welin, şol yzyny köwlemän gidişi (H. Derýaýew). 
Toýa gitseň git weli, öýüňize wagtynda köwläweri. 
KÖWLEMEKLIK [köwlömöklük] I, II, iş ady. 
Köwlemek ýagdaýy. 
KÖWLENMEK [köwlönmök] I, işl. Bir zadyň, 
diwaryň düýbi oýulmak; köwlüp aýrylmak.
KÖWLENMEK [köwlönmök] II, işl. 1. Ara ep-
esli wagt salyp, yzyňa dolanmak. Aýdogdy ir bilen 
turup gidişine, öýe gün öýleden agansoň köwlendi (T. 
Gurbanow). 2. Aýlanyp, towlanyp akmak; pyrlanyp, 
aýlanyp gitmek. Ol köwlenip, ümdüzine giden 
tüweleýiň yzyndan seredip galdy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   91   92   93   94   95   96   97   98   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling