Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet91/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   87   88   89   90   91   92   93   94   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÖR [kö:r] Isyp. 1. Görmekden mahrum, gözi 
görmeýän, batyl. Kör hasasyny bir aldyrar (Nakyl). 
2. göç.m. Düşünjesiz, hiç zat bilmeýän. Okamasaň,
senem men ýaly kör galarsyň. 

Kör abraý şowuna düşen, aňsat üstünlik, sähel 
zat üçin gelen abraý. Agdaryşdyrýaryn hem-de 
türkmen edebiýatyna degişli şol delilnamany tapsam, 
bir kör abraý bolsa-da ähtimal diýip, içimi 
gepledýärin (

Edebiýat we sungat

). Kör alaka 
kürümini 
ekerançylyk 
meýdanynda 
gazýan, 
ösümlikleriň köküni iýýän gözi kiçijik gara alaka. 
Kör alaka ekine uly zyýan ýetirýär. Kör bolaýyn 
(bol, bolsun ) başarmasam, özüm günäkär, näme 
bolsam, şol bolaýyn, kynçylygy özüm göreýin. 
Başarsam-a öz başymy özüm çaraýyn, başarmasam 
kör bolaýyn! (G. Kulyýew). Kör bolmak 1) suw 
çykmasy kesilmek, akmasy galmak (çeşme, gözbaş 
hakynda). Ol ýerde kör bolan çeşme bardy.2) 
göwsüň, ýelniň gözi bitmek, süýt gelmesi kesilmek. 
Sygryň bir emjegi kör bolupdyr. Kör düýesi 
köprüden geçen öýlenen, öýli-işikli bolan. Köre 
hasa belli, hiç kim üçin gümürtik däl, hemmä mälim, 
görnüp dur. Köre hasa bolmak göze dürtülip 
durmak, äşgär bolmak, aç-açan, belli bolmak. Kör 
hasasyny bir aldyrar adam bir gezek özüni 
aldatdyrar, emma ikinji gezek aldatdyrmaz. Kör 
etmek bir zady owarram etmek, başyňdan aýlap 
urmak, taşlamak. Men-ä seniň çakylygyňy eşidip, 
gyssagly işlerimi-de kör edip geldim (N. Pomma). 
Köre zekat beren ýaly biri eden ýagşylygyňy 
bilmedik ýagdaýynda aýdylýar. Kör galmak 
sowatsyz, okuwsyz, bilimsiz galmak, nadan galmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   87   88   89   90   91   92   93   94   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling