KÖP, syp., hal. 1. San, mukdar taýdan kän,
möçber boýunça ýeterlik, bol. Bu çäreleriň köp
bölegi şu mahal durmuşa geçirilýär (
Edebiýat we
sungat
). 2. Wagt taýdan uzak, dowamly. Köp ýatdyk,
ýaranlar, turulsyn imdi! (Seýdi). 3. Ýygy-ýygydan,
çalt-çalt, tiz-tiz. Olar köp duşuşýarlar. Köp görşüp
durmak gerek. 4. at, göç. m. Köpçülik, köp adam,
jemagat, il. Köpüň dilegi köl bolar (Nakyl).
Köp bilmek 1) köp zat hakynda bilmek. 2)
mekirlik edip, şeýle hereket etmek, şeýtmek. Ol gaty
köp bilýär, ýönelige biz bilen gidenok. Köp
çarşenbäni başyndan geçiren birtopar kynçylygy,
şatyny, muşakgaty gören, uly durmuş tejribeli. Köp
gar basan köp ýaşan, kän zady başyndan geçiren
(adam). Köp gepli gepi-gürrüňi köp edýän,
pikirinden üýtgäp duran. Köp gepli adam. Köp
görmek biriniň ýeten derejesine göriplik, içigaralyk
etmek, bir zady birine rowa görmezlik. Köpi gören
köp wakany başdan geçiren, durmuşyň ajy-süýjüsini
dadan, wakalaryň içinde gaýnap, tejribe toplan (adam
hakynda). Köpi geçip (ötüp), azy galan ömrüniň
köpüsi geçen, garrylyk ýaşyna ýeten (adam). Köpi
gözläp, azdan galmak nebsiňe haý diýmän,
azyrganyp aç galmak, ýeten derejäňe kanagat
etmezlik. Köp nokat dil b. gutarylmadyk sözlemden,
sözlerden soň goýulýan
we şuňa meňzeşler,
beýlekiler
diýen many aňladýan dyngy belgi. Eger-
de sözlem gysgaldylyp alynsa, onda gysgaldylan
ýerinde köp nokat (...) goýmaly bolýar. Köp sözüň
başyna ýetmek (başyny agyrtmak) köp gürlemek,
öňki-soňkyny agzamak.
KÖPBILMIŞ, syp. Köp zat bilýändirin öýdýän;
mekir, hilegär.
KÖPBILMIŞLIK, at. Köp zat bilýändirin
öýtmeklik; hilegärlik, mekirlik. –Ýene suw gerekmi?
– diýip, Mährijemal oglunyň köpbilmişligine, düýnki
serçäniň bu gün enesine jürküldemäni öwretjek
bolşuna gatyrganyp, bedresine ýapyşdy (N.
Esenmyradow).
Do'stlaringiz bilan baham: |