Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet86/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   82   83   84   85   86   87   88   89   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÖLEGELEMEKLIK [kölöğölömöklük], iş 
ady. Kölegelemek ýagdaýy. 
KÖLEGELEMEZLIK [kölöğölömözlük], iş 
ady. Kölegede oturyp salkynlamazlyk, dynç 
almazlyk. 
KÖLEGELEŞMEK [kölöğölöşmök] işl. Ekilen 
käbir ekinleriň kölegesi düşer ýaly bolup ösüşip 
oturmak. On bäş gün mundan ozal oturdylan şitiller 
kölegeleşip otyrlar. 
KÖLEGELETMEK [kölöğölötmök], işl.Ýiti 
yşykdan, günden goranmak üçin kölege etmek, 
kölege düşürmek. 
KÖLEGELEÝIŞ 
[kölöğölöýüş] 
iş 
ady. 
Kölegelemek ýagdaýy. 
KÖLEGELI [kölöğölü], syp. Kölegesi bar, 
kölegesiz däl, saýaly. Kölegeli agaçlar. 

 Kölegeli gürrüň etmek aýdyljak bolunýan sözi 
gönüläp aýtmazlyk. Kölegeli gürrüň edilenden, 
gönüläp aýdylsa ýagşy. 
KÖLEGELIK [kölöğölük], at. Kölegesi köp 
bolan, saýalyk. Gaýanyň düýbi giden kölegelikdi. 


46 
KÖLEGESIZ [kölöğösüz], syp. 1. Kölegesi ýok, 
saýasyz. Kölegesiz agaç. 2göç. m. Ýüzi çypar, saç-
sakgaly, gaş-kirpigi sarymtyl ak (adam hakynda). 
KÖLEGESIZLIK 
[kölöğösüzlük], 
at. 
1
Saýalara ýeri ýokluk, düşlemek üçin kölegesi 
bolmazlyk. 2göç. m. Çyparlyk. 
KÖLJERMEK [kö:ljörmök], işl. Kiçijik köl 
ýaly suw ýygnanmak, suw dökülip ýygnanmak. 
Aýnabat çäýnegine seredende, töwereginiň köljerip 
gidenini saýgardy-da, taňkasyny ýere gütledip goýdy 
(B. Kerbabaýew). 
KÖLJERTMEK [kö:ljörtmök], işl. Köl ýaly 
etmek, suw döküp öljertmek. Küýze duran ýerini 
köljerdipdir. 
KÖMEÇ [kömöç], at. Döwlen, ownuk dogralan 
et ýa-da jigirdek salnyp bişirilen ýagly gömme çörek. 
Nejep hem olaryň yzyndan garama-gara gidip
kerwenleriň her gezek düşen ýerlerinde külüň 
aşagyny agtaryp, ýary ýanan, ýary çig kömeji tapyp 
mydar edip, birniçe gün ýol ýöredi (

Nejep oglan

).
KÖMEK [kömök], at. Birine berilýän ruhy, 
maddy goldaw, edilýän ýardam, goltgy, hemaýat.  

Kömek (hemaýat) puly adamlaryň hal-
ýagdaýyny gowulandyrmak üçin döwlet tarapyndan 
berilýän pul. 
KÖMEKÇI [kömökçü], at. 1. Birine goldaw
hemaýat beriji, kömekleşiji, kömek edýän adam. 
Olar bir aý çemesi gallaçylara kömekçi boldular. 2. 
Bir işde, gullukda biriniň orunbasary, wezipeli 
ýolbaşça kömek edýän ýörite bellenen isgär. 

 Kömekçi işlik dil b. esasy sözüň yzyndan gelip, 
özüniň hakyky manysyny doly ýa-da kem-käsleýin 
ýitirýän işlik (etmek, bolmak ýaly işlikler). Kömekçi 
sözler dil b. Sözlemde sözleri baglaşdyrýan (we, hem, 
emma ýaly) baglaýjylar. 
KÖMEKÇILIK [kömökçülük], at. Birine 
kömek, goldaw berijilik, hemaýat edijilik. Hany, 
özüň nähili, kömekçilikden ireňokmy? (Ş. Borjakow). 
KÖMEKLEŞMEK [kömöklöşmök], at. Birine 
bir işi etmek üçin kömek etmek, goldaw bermek
hemaýat, goltgy bermek. Onda bize duýdur – 
kömekleşeris (B. Kerbabaýew).
KÖMEKSIZ 
[kömöksüz], 
syp. 
Kömegi 
bolmadyk, ýardam edere goldawy bolmadyk. 
KÖMELEJIK [kömölöjük], at. Iň ýönekeý 
ösümlik 
mikroorganizmi. 
Heň 
kömelejigi. 
Hamyrturşy kömelejigi. Gönezlik kömelejigi. 
KÖMELEK [kömolök], at. Ýaz paslynyň 
başynda ýeriň astyndan güberip çykýan, şeýle hem 
iýmit üçin ýöriteleşdirilen jaýlarda ösdürlip 
ýetişdirilýän ösümlik. 
KÖMELEKLEMEK 
[kömlöklömök], 
işl. 
Ýerden güberilip galmak, pökgerip durmak, 
zömmermek. Ýagyşdan soň gapaklan gämikler 
kömelekläp çykypdyrlar. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   82   83   84   85   86   87   88   89   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling