Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet83/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   79   80   81   82   83   84   85   86   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Kök urmak 1) gögermek, gögerip çykmak, 
düýp almak. 2) dürli ugurlar boýunça berkemek, çuň 
ornamak. Şeýle çuň kök uran dostluk-doganlygy biz 
her ädimde syzdyk (

Edebiýat we sungat

). Köküne 
palta urmak ösmez ýaly etmek, aýňalmaz ýaly 
etmek. 
KÖK II, at. 1. Biçilen eşigiň bölekleri süýşmez 
ýaly, iri-iri sanjylan wagtlaýyn tikin. Ol köýnegiň 
ýeňiniň, ýanynyň köküni sökdi. 2. Deşilen tärimleri 
biri-birine baglaýan, çig hamdan edilen iki ujy 
düwünli gysgajyk tasma. Ol gorkuly gözlerini 
töweregine aýlanda, tärimiň kökleri onuň görejine 
gülle bolup gezeldi (B. Kerbabaýew). 

Kök atmak iri-iri sanjyp berkitmek, mata 
böleklerini tikmezden öň süýşmez ýaly etmek. Ol 
çakgyjygyny çykaryp, haltaň agzana kök atylan 
sapaklaryny kesmäge başlady (A. Gowşudow). 
KÖK III, syp. Wagty hoş, oňat, gowy, gurgun. 
Onuň keýpi kök, ökjesi ýeňildi (A. Durdyýew).
KÖK IV, at, gepl. d. Öz öňünden gelen sözüň 
san, mukdar taýdan köpdügini görkezip gelýän söz. 
Obada ýigit köki gyt däl welin, şonuň ýaly abraýlysy 
kän ýok ýaly-la (T. Gurbanow).  
KÖKE [kö:kö], at. 1. Tamdyra ýapylyp bişirilýän 
kiçijik tegelek çörejik. Saçak doly kökejik, men 
iýmäge köke ýok (Matal). 2. Süýji, süýt we ş.m. zatlar 
garylyp, süýji önümçiliginde taýynlanýan önüm. 
KÖKELIŞ [kökölüş], iş ady. Kökelmek ýagdaýy. 
KÖKELME [kökölmö], iş ady. Kökelmek 
ýagdaýy. 
KÖKELMEK [kökölmök], işl. 1. Keýpiň kök 
bolmak, keýpiň göterilmek. Onuň şeýle bir keýpi 
kökeldi, hatda begenjinden şol gije ukusy hem 
tutmady (A. Gowşudow). 2. gepl. d. Näsaglykdan 
açylyp daýanmak, gowulanmak, oňatlaşmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   79   80   81   82   83   84   85   86   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling