Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KÖKELMEKLIK [kökölmöklük], iş ady.  Kökelmek ýagdaýy.  KÖKELMEZLIK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet84/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   80   81   82   83   84   85   86   87   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÖKELMEKLIK [kökölmöklük], iş ady. 
Kökelmek ýagdaýy. 
KÖKELMEZLIK [kökölmözlük], iş ady.
Keýpiň kök bolmazlyk. 
KÖKELTMEK [kököltmök], işl. Keýpiňi kök 
etmek, keýpiňi götermek. Ýaňky gürrüň onuň keýpini 
kökeltdi. 
KÖKEN [kökön], at. 1. Owlak-guzy kökermek 
üçin uzyn ýüpe berkidilen halkaly bag(lar). Eger sen 
şony hem äkidip, gyzyldan ahyr, kümüşden köken 
edip, ýagşy saklasaň, men seniň bilen gideýin – 
diýipdir (Halk ertekisinden). 2. Bäş barmaga 
dakylýan ýüzükleriň arasyny birleşdirýän zynjyr bag. 
Onuň barmaklarynda köken bilen berkidilen ýüzük 
bardy. 3. göç. m. Zynjyr, bent. 
KÖKENEK [kökönök]: kökenek bolmak 
(germek) çaganyň ýa-da başga biriniň ugrunda 
janyňy paralamak, bar zatdan penalajak bolmak
kükregiňi germek. Ol çagam diýip kökenek bolýardy. 
KÖKENLEME 
[kökönlömö], 
iş 
ady. 
Kökenlemek ýagdaýy. 
KÖKENLEMEK [kökönlömök], işl. 1. Kökene 
baglamak, kökene daňmak, kökermek. Bibi owlak-
guzularyny kökenläp ýördi. 2. Bäş barmaga dakylýan 
ýüzükleriň arasyny köken, zynjyr bilen birleşdirmek. 
KÖKENLEMEKLIK [kökönlömöklük], iş ady. 
Kökenlemek ýagdaýy. 
KÖKENLENMEK [kökönlönmök], işl. Owlak-
guzular kökene baglanmak. Süriniň içindäki 
goýundyr geçiler kökenlenipdi. 
KÖKENLEŞMEK [kökönlöşmök], işl. Owlak-
guzyny kökene baglaşmak. Ol owlak-guzulary 
kökenleşip ýördi. 
KÖKENLETDIRMEK [kökönlötdürmök], işl 
Kökene baglatdyrmak, bir ýan ujundan kökene 
düzdürtmek (owlak-guzy hakynda). 
KÖKENLETMEK [kökönlötmök], işl. Owlak-
guzulary kökene baglatmak, düzdürmek. Owlaklary 
kökenletmek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   80   81   82   83   84   85   86   87   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling