Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet80/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   76   77   78   79   80   81   82   83   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KOWMAK [kowmok], işl. 1. Biriniň yzyndan 
ýetmek üçin ylgamak, söbügini sydyrdyp ylgamak. 
Menem onuň yzyndan kowdum (

Edebiýat we 
sungat

). 2. göç.m. Bir ýerden (öýden, işden we 
ş.m.) çykarmak, boşatmak. 3. Yzyna eýermek, yzyna 
eýerip goşup çalmak (saz hakynda). Diňe öz 
aýdymyny kowardy (

Edebiýat we sungat

). 4. Bir 
zady sürmek, sürüp äkitmek; bir ýerden ikinji ýere 
geçirmek. Sürini islän tarapyňa kowmak. 5. göç.m. 
Talagyny bermek, nikany bozmak, boşatmak.  
KOWMAKLYK [kowmokluk], iş ady. 1
Kowmak ýagdaýy. 2. Biriniň yzyndan ýetjek bolup 
gidilmek; ýöriş edilmek. Olaryň yzlaryndan kowuldy. 
KOWUM, at. Adamlaryň nesil we garyndaşlyk 
gatnaşygyny aňladýan söz. Asylkysyny aýdanda, eger 
seniň duluňda hemme esbaplary bilen üpjün ala tow 
hyrlyň asylgy duran bolmasa ýa-da duluňda päkize 
jöwher gylyjyň tärimiň başyndan asylgy bolup
işigiňde-de kişňäp duran atyň bolmasa, seniň 
gapyňda daýhançylyk esbabynyň müňüsi üýşsün, 
harwar-harwar jöwen, bugdaý, arpa hasyl al
tapawudy ýok, dir gürrüňçilikde birden sen gatyrak 
güläýseň, ilki bilen öz kowumyňdan biri: “Sen näme 
gürleýäň, bar çaýryňy çap” diýer (A. Gowşudow). 
KOWUMDAŞ [kowumdoş], at. Bir kowumdan
nesilden bolan, kowumy bir (adamlar). Olaryň asly 
kowumdaş. Kowumdaş halklar. 
KOWUMDAŞLYK 
[kowumdoşluk], 
at. 
Kowumy birlik, kowum, nesil taýdan garyndaşlyk. 
Olaryň kowumdaşlygy örän uzakdan başlanýar. 
KOWUM-GARDAŞ 
[kowum-ğardaş],ser. 
Kowum-garyndaş. Saklady içinde çykarman daşa, 
Diýmedi dost-ýara, kowum-gardaşa (A. Kekilow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   76   77   78   79   80   81   82   83   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling