Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KOLLEJ [kolle:j] at. Ýörite orta bilim berýän mekdepleriň bir görnüşi.   KOMBAÝN


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet76/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   72   73   74   75   76   77   78   79   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KOLLEJ [kolle:j] at. Ýörite orta bilim berýän
mekdepleriň bir görnüşi.  
KOMBAÝN [kamba:ýyn], at. Birnäçe maşynyň 
işini bir wagtda ýeke özi ýerine ýetirýän çylşyrymly 
maşyn. Däne ýygnaýan kombaýn. 
KOMBAÝNÇY 
[kamba:ýynçy], 
at, 
syp. 
Kombaýn sürýän adam.Kombaýnçy ýigit. 
KOMBAÝNÇYLYK 
[kamba:ýynçylyk], 
at. 
Kombaýnçy bolmaklyk, kombaýn sürüjilik käri. 
Talyplara sürüjilik, kombaýnçylyk kärlerini hem 
öwredýärler. 
KOMEDIÝA [kome:diýa], at. 1. Gülküli
sýužetli drama eseri we şol eseriň esasynsa sahnada
goýlan oýun. 2. göç. m. Gülküli waka, tomaşa. 
Kakamyň bu sözlerine ejem jyzzyk bolýar, ana, ondan 
soň komediýa başlanýar (A. Annaberdiýew).
KOMMUNIKASIÝA [kommunika:siýa], at. 1
Gatnaw ýollary, howa ýollary. 2. Energiýa, gaz, 
ýylylyk we suw üpjünçilik ulgamlary. 3
Aragatnaşygyň görnüşi (mysal üçin, telegraf, radio, 
telefon ).
KOMPANIÝA [kompa:niýa], at. Ýuridik we 
fiziki sahşlaryň, telekeçileriň bilelikde önümçilik, 
söwda, maliýe ýa-da başga bir ykdysady işi amala 
aşyrmak üçin birleşigi. 
KOMPAS [ko:mpas], at. Dünýäniň taraplaryny 
görkezýän enjam (içindäki magnitli dili hemişe 
demirgazygy görkezýär). 
KOMPOT [kampo:t], at. Suwda gaýnadylan 
miwelerden taýýarlanylýan süýji içgi.
KOMPOZITOR [kampazy:tyr], at. Saz eserini 
döredýän sazanda.
KOMPÝUTER [kompýu:ter], at. Elektron-
hasaplaýjy maşyn, salnan programma laýyklykda 
işleýän gurluş.

Kompýuter 
wirusy 
kompýuter 
programmasyndaky koduň öz-özünden köpelmäge 
we başga kompýuterlere geçmäge ukyply, şeýle-de 
kompýuteriň kadaly işlemegini bozmaga niýetlenen 
bölegi.  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   72   73   74   75   76   77   78   79   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling