Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KLASSYKY [kla:ssyky], syp., taryh.  Klassyklar  tarapyndan döredilen, nusgawy. Türkmen klassyky  edebiýaty.   KOD


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet75/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   71   72   73   74   75   76   77   78   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KLASSYKY [kla:ssyky], syp., taryh.  Klassyklar 
tarapyndan döredilen, nusgawy. Türkmen klassyky 
edebiýaty.  
KOD [ko:t], at. Telefonda, telegrafda, radioda we 
ş.m. maglumatlary almak-bermek üçin şertli 
belgileriň ýa-da yşaratlaryň ulgamy. Telegraf kody.  
KODLAŞDYRMA [ko:tloşdurmo], iş ady
Iberilýän habarlary kodlara öwürme (maglumatlar bir 
ýere iberilende, gaýtadan işlenende we saklananda 
ulanylýar). 
KOFE [ko:fe], at. 1. Kofe agajy adyny alan 
tropik ösümligiň däneleri. 2. Şol däneler üwelip 
taýýarlanýan içgi. 
KOK,at. Ys, ys-kok. Mazudyň koky burnuňa 
urýar. 
KOKAMA [kokomo], iş ady. Kokamak ýagdaýy. 
KOKAMAK [kokomok], işl. Ys ýaýramak, 
kükemek.
KOKAŞMAK [kokoşmok], işl. 1. Köp ýerden ys 
gelmek, ys ýaýratmak, kükeşmek. 2. gepl. d 
Guraşmak, Onuň ýüz-gözleri kokaşyp durdy. 
KOKAÝYŞ [kokoýyş], iş ady. Kokamak 
ýagdaýy. 
KOKUN, at. Gurban baýramda we Oraza 
baýramynda goňşy-golamlara çapady, byzmyk 
paýlap berilýän sadaka. 


42 
KOLBASA [kalvasa], at. Howa geçirmeýän 
içegä ýa-da emeli içege pisint ýörite gaba üwelgi et 
dykylyp taýýarlanan azyk önümi. Görkezip goýlan 
kolbasalaryň, kemputlaryň emendiriji görnüşi onuň 
agzyny suwartdy (N. Jumaýew).
KOLHOZ [kalho:z], at, taryh. Kollektiw 
hojalyk (daýhanlaryň iri oba hojalyk önümçiligini 
bilelikde ýöretmek üçin kooperatiw birleşigi). Şol 
gün günortan bolsa kolhoz harmantoý berdiOl ýeke-
täk esasy ýol üç kolhoza bölünýän bu obanyň içinden 
geçip 
gidýär, 
çöle 
çykýar 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Döwlet guşy). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   71   72   73   74   75   76   77   78   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling