Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet77/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   73   74   75   76   77   78   79   80   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KOMPÝUTERÇILIK [kompýu:terçilik], at. 
Kompýutere degişli. Kompýuterçilik tehnologiýa
Kompýuterçilik okuwy. 
KONGRES [kongire:s], at1. Halkara gurultaýy. 
2. ABŞ-da kanun çykaryjy organ, parlament. 
KONDITER [kandite:r], at. 1. Süýji önümleri 
taýýarlaýan hünärmen. 2. Süýji tagamly önümleriň 
önümçiligine we olaryň söwdasyna degişli. Konditer 
önümleriniň dükany. Konditer fabrigi. 
KONSEPSIÝA [konse:psiýa], at. Ol ýa beýleki 
hadysa bolan garaýyşdan gelip çykýan özara 
baglanyşykly 
garaýyşlaryň 
sistemasy. 
Ylmy 
konsepsiýa. Konsepsiýany işläp düzmek. 
KONSERN [konse:rn], at. Köp sanly senagat
maliýe we söwda kärhanalarynyň birleşigi (birleşige 
girýän kärhanalaryň her biri özüniň ýuridik şahs
bolmak hukugyny saklap, maliýe taýdan birleşigiň
tabynlygynda işleýär).
KONSERT [kanse:rt], at. Bagşy-sazandalaryň 
jemagatyň önünde edýän çykyşy. 
KONSERWATORIÝA [konserwato:riýa], at. 
Ýokary sazçylyk mekdebi. 
KONSTITUSIÝA [konstitu:siýa], at. Döwletiň 
esasy kanuny ýa-da esasy kanunlarynyň jemi. 
Türkmenistanyň konstitusiýasy
KONSULTANT 
[konsulta:nt], 
at
Konsultasiýalar berýän hünärmen; öz hünäri boýunça 
konsultasiýa berýän hünärmen.
KONSULTASIÝA 
[konsulta:siýa], 
at
1
Haýsydyr bir iş, mesele boýunça hünärmenleriň 
geçirýän 
maslahaty. 
Ýuristleriň 
maslahatyny 
çagyrmak. 2. Hünärmen tarapyndan berilýan 
maslahat. Konsultasiýa almak. Konsultasiýa bermek. 
3. Hünärmenleriň maslahaty bilen ilata kömek edýän 
edara. Ýuridik konsultasiýa. Çagalar konsultasiýasy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   73   74   75   76   77   78   79   80   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling