Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet79/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   75   76   77   78   79   80   81   82   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KOWALAMAKLYK [kowolomokluk], iş ady. 
Kowalamak ýagdaýy. 
KOWALAMAZLYK [kowolomozluk], iş ady.  
Tutjak bolup, yzyndan ylgamazlyk 
KOWALANMAKişl. Bir zadyň yzyndan ýetjek 
bolup ylganmak. 
 KOWALAŞMAKişl1. Biri-biriňi kowalamak. 
2. göç. m. Bir zadyň yşgyna düşmek, bir zadyň 
ugrunda selpemek. 3. Ýakynlamak, golaýlamak, 
alkymlap barmak (ýaş hakynda). Ol altmyşa 
kowalaşyp barýardy (B. Seýtäkow). 
KOWALATMAK, işl. Biriniň yzyndan ýetmek 
üçin ylgatmak, kowdurmak.
KOWALAÝYŞiş ady. Kowalamak ýagdaýy. 
KOWÇUMat1. Uzak, ýakyn dogan-garyndaş, 
kowum. Oňa olar edil öz ýakyn kowçumyna ynanýan 
ýaly iç syrlaryny ynynýardylar (N. Jumaýew). 2
Topar, toplum, üýşmek. Tüweleý dargadan pişge ýaly 
dagynyk işleri-de bir kowçuma toplap, towy ýeten ýüp 
ýaly bükdürerlik ynam bardy (B. Kerbabaýew).
KOWÇUM-KOWÇUM, at. 1. Uzak-ýakyn 
dogan-garyndaşlar topary, kowumlar; topar-topar
toplum-toplum, 
üýşmek-üýşmek. 
Yzda 
galdy 
kowçum-kowçum menziller (K. Gurbannepesow).
KOWDURMAKişl. Birini bir ýerden gider ýaly 
etdirtmek, çykartmak, boşatdyrmak.
KOWGUÇY [kowğuçy], at. Biriniň yzyndan 
ýetip tutmak üçin kowujy, kowga gatnaşýan adam ýa-
da topar. Kowguçylar ýyndam ata atlanyp häzirlenip 
durdular (B. Kerbabaýew). 
KOWGY [kowğy], at. Biriniň yzyndan ýetip 
tutmak üçin iberilen adamlar. 
KOWHA-KOW [kowha:-kow], at. Başly-barat 
kowgy, ýerli-ýerden kowalaýyş. Ol kowha-kowda-da 
özüni ýitirmedi (B. Kerbabaýew).
KOWMA [kowmo], iş ady. Kowmak ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   75   76   77   78   79   80   81   82   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling