Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KÖRÜKÇI [kö:rükçü], at. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet94/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   90   91   92   93   94   95   96   97   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÖRÜKÇI [kö:rükçü], at. 1. Ussahanalarda 
demirçi ussanyň körük basýan kömekçisi. 2. Körük 
ýasaýan ussa. Bäş-alty sany körükçi ussany getirdi 
(

Görogly

). 
KÖRÜKDIRMEK [kö:rükdürmök], işl. Ody 
tutaşdyrmak üçin üfläp, ýel berip köretmek. Ol tütäp 
duran kesewi ýaly agaçlary biri-biriniň üstünde 
goýup körükdirdi. 
KÖRÜKME [kö:rükmö], iş ady. Körükmek 
ýagdaýy. 
KÖRÜKMEK 
[kö:rükmök], 
işl., 
ser. 
Köremek.Uzak wagt geçmänkä, ol uçgun körükdi 
(

Edebiýat we sungat

). 
KÖRÜKMEKLIK [kö:rükmöklük], iş ady. 
Körükmek ýagdaýy. 
KÖRZEHIN [kö:rzehi:n], syp. Aň-düşünjesi 
çäkli, zehini gowşak, ýady kütek.
KÖRZEHINLIK 
[kö:rzehi:nlik], 
at. 
Aň-
düşünjesi çäklilik, gowşak zehinlilik, küteklik. 
Durmuşa körzehinlik bilen garamak bolmaz. 
KÖSE [kö:sö], syp. 1. Aslynda sakgal-murt 
çykmadyk ýa-da örän seýrek sakgal-murtly. 2. göç. 
m. Hiç bir zat gögermedik, ösümlik bitmedik, ýalçy, 
ýalazy (dag, baýyr). Müňlerçe ýyllaryň geçmegi bilen 
hem-de ýeliň we gaýry tebigy täsirleriň netijesinde 
uly Balkanyň sürtelen ýaly köse gaýalary görnüp 
başlady (

Edebiýat we sungat

). 3. Oglana dakylýan 
at. 
KÖSELEÇ [kö:sölöç], syp. Sakgal-murty seýrek, 
kösä ýakyn, köseräk. Goja köseleç sakgalyny 
sypalady (B. Kerbabaýew).  
KÖSELIK [kö:sölük], at. Kösäniň ýagdaýy, 
selçeň sakgal-murtlulyk. 
KÖSELMEK [kösölmök], işl. Oda tutulmak
daşy çirkizilmek, gorsalmak (kellebaşaýak we ş.m. 
hakynda). Ol, oda köselen goýun aýagyna 
meňzeýärdi (A. Gowşudow). 

Ýüz-gözi oda köselen ýaly ýüz-gözi gara 
çowlam, gara ýanyk. Ýüz-gözi oda köselen ýaly 
suwçular günortanyň tüp yssysynda meýdan 
düşelgesine gelip ugradylar. 
KÖSEME [kösömö] I, II, iş ady. Kösemek 
ýagdaýy. 
KÖSEMEK [kösömök] I, işl. Birine azap 
ýamanyny bermek, heläk etmek, kyn ýagdaýa 
salmak, kösendirmek. 
KÖSEMEK [kösömök] II, işl. Oda çirkizmek, 
gorsamak, oda tutup ütmek, ot çabratmak 
(kellebaşaýak we ş.m. hakynda). Goýnuň aýaklaryny 
oda kösäp, arassalap başladylar. 


51 
KÖSEMEKLIK [kösömöklük] I, II, iş ady. 
Kösemek ýagdaýy. 
KÖSEMEZLIK [kösömözlük], işl., ady. Birine 
hiç 
hili 
azap 
bermezlik, 
heläk 
etmezlik, 
kösendirmezlik. 
KÖSEN [kösön]: gara kösen bolmak bir zat 
sebäpli gaty kösenmek.  
KÖSENÇ [kösönç], at. Bir işi kösenip, horluk 
bilen ýerine ýetirmeklik, azap edip, güzap baryny 
görüp etmeklik, kynçylykly ýagdaý. Kösenç 
çekilmese, zadyň gadyry bolmaz
KÖSENÇLI [kösönüşlü], syp. Kösenilip ýerine 
ýetirilýän, edilýän.  
KÖSENÇSIZ [kösönüşsüz], syp. Kösenilmän 
ýerine ýetirilýän, edilýän, hiç hili azapsyz, güzapsyz, 
kynçylyksyz. Men ol işi hiç hili kösençsiz ýerine 
ýetirdimKösençsiz iş ýok.
KÖSENDIRMEK [kösönnürmök], işl. Birini 
heläk etmek, kyn ýagdaýa salmak, kösemek. Her 
gezek açary alyp gaýdýaň-da kösendiräýýäň! 
KÖSENIŞ [kösönüş], iş ady. Kösenmek ýagdaýy. 
KÖSENME [kösönmö], iş ady. Kösenmek 
ýagdaýy. 
KÖSENMEK [kösönmök], işl. Bir zat sebäpli 
özüň kyn ýagdaýa düşmek, bir zadyň ugrunda 
horlanmak, azap görmek. 
KÖSENMEKLIK [kösönmöklük], iş ady. 
Kösenmek ýagdaýy. 
KÖSENMEZLIK [kösönmözlük], iş ady.  Bir zat 
sebäpli özüň kösençli ýagdaýa düşmezlik, bir zadyň 
ugrunda azap görmezlik.  
KÖSEÝIŞ [kösöýüş], I, II, iş ady. Kösemek 
ýagdaýy. 
KÖSSE [kössö], at, gepl.d. Polatdan, jöwherden 
ýasalýan türkmen egri gylyjy. Şu kössämiň gyny 
gitse, üç urpyýam zaýa gider (Baýly şahyr). Şonda 
onuň eline degen daýhançylyk guraly bolman
ýigrimi alty ýyl mundan ozal, bilinden aýryp, duldan 
asan köne kössesi bolup çykdy (A. Gowşudow). 
KÖSSEK [kössök], at. Ýabynyň ýa-da eşegiň 
bir öň we bir art aýagyny biri-birine baglaýan iki ujy 
halkaly duşak görnüşli ýüp, bag. Eşegiň aýagyna 
hem duşak, hem kössek saldylar. 
KÖSSEKLEME 
[kössöklömö], 
iş 
ady. 
Kösseklemek ýagdaýy. 
KÖSSEKLEMEK [kössöklömök], işl. 1. Aty 
ýa-da eşegi kössek bilen baglamak. 2. göç. m. Birini 
ýa bir zady öz ugruna goýbermän saklamak, bent 
etmek, baglamak, daňmak. Çagany kössekläp saklap 
bolmaz. 
KÖSSEKLEMEKLIK [kössöklömöklük], iş 
ady. Kösseklemek ýagdaýy 
KÖSSEKLEMEZLIK [kössöklömözlük], iş 
ady. Kösseklemek işini etmezlik, kössek salmazlyk, 
kössek bilen baglamazlyk. 
KÖSSEKLENMEK 
[kössöklönmök], 
işl.
1. Kössek bilen baglanmak. Ol ýaby obanyň 
gyrasyndaky sonarlyga kösseklenip goýberilipdir.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   90   91   92   93   94   95   96   97   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling