Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KÜJÜLENMEK [küjülönmök], işl. Dokmanyň  erşi küjüden geçirilmek.  KÜJÜLEŞMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet102/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   98   99   100   101   102   103   104   105   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÜJÜLENMEK [küjülönmök], işl. Dokmanyň 
erşi küjüden geçirilmek. 
KÜJÜLEŞMEK 
[küjülöşmök], 
işl.
1. Küjülemäge kömekleşmek. 2. Bilelikde küjülemek. 
KÜJÜLETMEK [küjülötmök], işl. Küjüllemek 
işini başga birine etdirmek. 
KÜJÜLEÝIŞ [küjülöýüş], iş ady. Küjülemek 
ýagdaýy. 
KÜKEDIŞMEK [küködüşmök], işl. Birnäçe 
bolup çilim tüssesini küketmek. Çilim kükedişip 
durmaň-da, işiňiz bilen boluň! 
KÜKEME [kükömö], iş ady. Kükemek ýagdaýy. 
KÜKEMEK [kükömök], işl. Dürli ys gelmek, 
ýakymly-ýakymsyz ys ýaýramak, burnuňa urmak. 
Päkize geýimleriň, dürli atyrlaryň ysy kükeýärdi (B. 
Kerbabaýew).
KÜKEMEKLIK 
[kükömöklük], 
iş 
ady. 
Kükemek ýagdaýy. 
KÜKEŞMEK [küköşmök], işl. Birnäçe zadyň 
ysy ýaýrap durmak, gelip durmak. Dürli gülleriň ysy 
kükeşýärdi. 
KÜKETMEK [kükötmök], işl. Ys ýaýratmak, ys 
döretmek. 
KÜKEÝIŞ [küköýüş], iş ady. Kükemek ýagdaýy. 
KÜKREK [kükürök], at. Adamyň ýa-da 
haýwanyň döşi, göwsi. 

Kükrek germek bir maksat, iş üçin gaýduwsyz 
durmak, jan gaýgyrmazlyk. Sen meni ösdürdiň, 
kükregiň gerip, Arslan ýürek gahrymanyň asly sen 
(A. Kekilow).
KÜKREME [kükürömö], iş ady. Kükremek 
ýagdaýy.
KÜKREMEK [kükürömök], işl. 1. Lummur-
lummur edip seslenmek, agzyny ak köpük edip 
esremek (erkek, iner hakynda). Kükräp bugra dek 
dalaşan, Ýolbars gaplaň, şiri bardyr (

Görogly

). Aý 
gider Aýa garşy, Ner kükrär maýa garşy (Halk 
döredijiliginden). 2.göç.m. Meslikden gaharlanyp, 
biriniň üstüne haýbat atyp sürünmek, küpürsemek. 
Onuň üstüne birsyhly sürnüp kükreýärdi (A. 
Nazarow). 
KÜKREMEKLIK [kükürömöklük], iş ady. 
Kükremek ýagdaýy. 
KÜKREŞMEK [küküröşmök], işl. Düýe mallar 
birnäçe bolup esräp, kükräp durmak (erkekler hakda). 
Gyşyň çillemes erkekleri dişlerini çalşyp, agyzlaryny 
ak köpük edişip, biri-birine kükreşýärdi (N. Pomma). 
KÜKREÝIŞ [küküröýüş], iş ady. Kükremek 
ýagdaýy. 
KÜKÜRT, at. 1. Gazylyp alynýan sary reňkli 
mineral, himiki element. 2.gepl.d. Otluçöp. 
KÜKÜRTLI [kükürtlü], syp. Düzüminde kükürdi 
bolan. Kükürtli suw. 
KÜL, at. Oduň we ş.m. zatlaryň ýanyp 
gutarandan soňky galan külke çal galyndysy. Perzent 
bolmasa düýbüňden, Gam-gussa basar gün-günden, 
Kim ogulsyz ötse mundan, Ojagynda küller galmaz 
(Seýdi). 

Kül bolmak 1) kül-uşak bolmak, döwlüp bölek-
bölek bolmak. Ýere gaçyran käsesi kül bolupdyr2)
güýçli derejede şikes ýetmek, gaty zaýalanmak.
Maşyn heläkçiliginde 

Toýotasy

kül bolupdyr.
3. Sowlup gutarylmak, bary harçlanmak. Belli bir 
alan zadymam ýok weli, bäş günüň içinde toplanja 
pullarymyň bary kül boldy4) syzlap gaty agyrmak. 
Köp işläp ýadapdyryn öýdýän, elim, aýagym kül 
bolupdyr, agyrysyna çydamajak bolýan. Kül 
dökmedik ýeri ýok belli bir ýerde, işde ýerlemän, 
bir ýerde uzak durman, ondan-oňa göçüp-gonup 
ýören (adam). Küle dönmek. ser. Kül bolmak. 
Ümmülmez ýogyn agaçlar gara ýanyk bolup, küle 
dönüpdir (A. Gowşudow). Kül etmek 1) kül-uşak 
etmek, döwüp bölek-bölek etmek. Elindäki 
çäýnekleri ýere gaçyryp kül etdi. 2) güýçli derejede 
şikes ýetirmek, gaty zaýalamak. Maşynyny degrip, 
kül eden eken. 3. Sowup gutarmak, baryny 
harçlamak. Pul boldy kül boldy. Külüni göge 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   98   99   100   101   102   103   104   105   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling