Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KÜLJERMEK [küljörmök], işl. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet104/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   100   101   102   103   104   105   106   107   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÜLJERMEK [küljörmök], işl. 1. Küle öwrülip 
başlamak. Ussa aga bolmasa-da, körükde küljerip 


57 
ýatan kömrüň ýap-ýaňyja-da körändigine gözümi 
ýetirdim (R. Gelenow). 2. Ýüzi ýagtylygyny ýitirip, 
öçügsi görnüşe geçmek. Näme ýüzüň küljerip dur? 
KÜLJÜMEK [küljümök], syp. Küle çalymdaş 
reňkli, kül reňkliräk. Onuň asly bugdaý reňk ýüzi 
gandym kömrüniň tozany bilen küljümek bolupdyr 
(A. Gowşudow).  
KÜLKE [külkö] I,syp. Bir zadyň owranyp maýda 
bolan bölekleri, iri bolmadyk, bolmalysyndan ownuk, 
maýda. Külke çaý. 
KÜLKE [külkö] II, at. Takgaz balyklar 
maşgalasyna degişli ownuk balyk. Külke balygy. 
KÜLKELEME [külkölömö], iş ady. Külkelemek 
ýagdaýy. 
KÜLKELEMEK [külkölömök], işl. Bir zady 
owratmak, maýdalamak, döwüp ownuk etmek. Iri 
kömürleri külkelemek. 
KÜLKELEMEKLIK [külkölömöklük], iş ady. 
Külkelemek ýagdaýy. 
KÜLKELENMEK [külkölönmök], işl. Külke, 
maýda, ownuk edilmek.
KÜLKELEŞMEK 
[külkölöşmök], 
işl.
1. Külkelemäge kömekleşmek. Duzy külkeleşmek.
2. Bilelikde külkelemek.
KÜLKELETMEK 
[külkölötmök], 
işl. 
Külkelemek işini başga birine etdirmek. Saruny 
külkeletmek. 
KÜLKELEÝIŞ [külkölöýüş], iş ady. Külkelemek 
ýagdaýy. 
KÜL-KÜLÜNE 
[kül-külünö]: 
kül-külüne 
düşmek bir zadyň hyýalyna, arzuwyna, yşgyna 
düşmek. Durdujygam Gülnary garşylamanyň kül-
külüne düşdi (A. Gurbanow). 
KÜLLI [küllü], syp. Ähli, hemme, bütin. Külli 
gözelleriň hany (Magtymguly). 
KÜL-OWRAM [kül-owrom], hal. 1. Dyr-pytrak,
bölek-bölek, tike-tike, kül-uşak. Elimdäki käse ýere 
gaçyp, kül-owram boldy. 2. Owlan ýaly, soka salnan 
ýaly (endam, beden hakynda). Dört günläp kerpiç 
guýdum weli, endam-janym kül-owram bolupdyr. 3. 
Derbi-dagyn, kül-peýekun. 
KÜL-PAGYŞ [kül-pağyş], hal. Duw-dagyn, kül-
uşak, owram-owram. 
KÜL-PEÝEKUN [kül-peýeku:n], hal. Derbi-
dagyn, kül-uşak, dyr-pytrak, ýer bilen ýegsan. 
Şeýdip, nämäniň-nämedigini aňşyrmankalar, olary 
kül-peýekun ederis (B. Seýtäkow).
KÜLPET [külpöt], at. Bir zat sebäpli çekilýän 
ejir, azap, görülýän horluk, kynçylyk; sütem, zulum. 
Garrylyk ýetişdi müň külpet bilen, Mizan ýetdi, hazan 
geldi, gyş galdy (Magtymguly). 
KÜL-TALHAN, hal, gepl. d. Kül ýaly, talhan 
ýaly, owram-owram, kül-uşak. Sen nädip meniň 
dişimi kül-talhan etjek? (G. Kulyýew). 
KÜLTEK [kültök]: köne kültek könäniň 
tarapdary, täzelik bilen ylalaşmaýan, köneçil. Ol gaty 
köne kültek adamdy. 
KÜLTEM [kültöm], syp. 1. Külterlenen halka 
görnüşli toplanyp daňlan (ýüp, sim we ş.m. zat). Çep 
işikde iki kültem gara ýüp asylgy durdy (B. 
Kerbabaýew). 2. at, göç.m. Bir zadyň yzygiderli 
dowamy. Pikir kültemleri ony haýsydyr bir döwürlere 
alyp bardy (

Edebiýat we sungat

). 
KÜLTEMEK 
[kültömök], 
işl. 
Toplamak, 
ýygnamak, (esasan, iriň hakynda). Ýara iriň 
kültäpdir. 
KÜLTER [kültör], at, ser. Kültem. Eýeriň 
gaşyna ildirilen irişme bagy alyp, külterini çözmäge 
durdy (H. Derýaýew).
KÜLTERLEME 
[kültörlömö], 
iş 
ady. 
Külterlemek ýagdaýy. 
KÜLTERLEMEK [kültörlömök], işl. 1. Uzyn 
ýüpi bir eliň bilen ujundan tutup, beýleki eliň bilen 
çalarak ýumulgy eliň içinde saklap, goluňy kültemiň 
möçberine, ululygyna baglylykda aýlamak arkaly
kültem görnüşinde ýygnap daňmak, berkitmek. 
Bedräniň bolsa ýüpüni külterläp, Annagulynyň eline 
berdi (A. Durdyýew). 2. göç.m. Uzak ýoly durman 
geçmek. Otly ýoluň tanapyny külterläp barýardy. 
KÜLTERLEMEKLIK [kültörlömöklük], iş ady. 
Külterlemek ýagdaýy. 
KÜLTERLEMEZLIK [kültörlömözlük], iş ady.  
Kültem-kültem etmezlik. 
KÜLTERLENMEK [kültörlönmök], işl. 1. 
Külter-külter, 
kültem-kültem 
edilmek. 
Ol 
arkasyndaky boş kädini düşürmäni unudyp, bagy 
külterlengi bedresini elinde tutup durdy (B. 
Kerbabaýew). 2. göç. m. Yzly-yzyna geçip durmak. 
Aýlar, ýyllar şol külterlenip geçip dur. 
KÜLTERLEŞDIRMEK [kültörlöşdürmök], işl. 
Ýaýrap ýatan ýüpi, simi bir ýanyndan kültem 
görnüşinde ýygnaşdyrmak. Ol bulaşyp ýatan ýüpleri 
külterleşdirdi. 
KÜLTERLETMEK [kültörlötmök], işl. Ýüpi we 
ş.m. külter-külter etdirmek. Çopan ýüpleri çoluklara 
külterletdi. 
KÜLTERLEÝIŞ 
[kültörlöýüş], 
iş 
ady. 
Külterlemek ýagdaýy. 
KÜL-UŞAK [kül-uşok], hal. Bölek-bölek, kül-
owram, kül-pagyş; derbi-dagyn, dyr-pytrak. Käse 
ýere gaçyp, kül-uşak boldy 
KÜLÜŇ, at. Gaty ýa-da daşlyk ýerleri gazmak 
üçin ulanylýan bir ujy çiş, beýleki ujy ýasyrak agyzly
demir gural. Daş asyýa bolmaz külüň urmasaň, Hiç iş 
kemal tapmaz, köňül bermeseň (Talyby). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   100   101   102   103   104   105   106   107   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling