Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KÜPÜRSEÝIŞ [küpürsöýüş] I, II


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet107/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   103   104   105   106   107   108   109   110   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÜPÜRSEÝIŞ [küpürsöýüş] I, II, iş ady. 
Küpürsemek ýagdaýy. 
KÜR, üml. Eşek, kürre kowlanda, ýörediljek 
bolnanda aýdylýar. 
KÜRE [kürö], at. Kerpiç bişirilýän peç, kerpiç 
bişirmek üçin ýörite jaý.
KÜREÇI [küröçü], at. Kerpiç bişirilýän küräniň 
işçisi, kürede işleýän adam; küre gurýan ussa. 
Ortanjy weziriňem asly kerpiç bişirýän küreçi bolsa 
gerek (A. Salyh). 
KÜREK [kürök], at. 1. Kiçiräk motorsyz 
gaýyklary sürmek üçin boýy iki metrden uzynrak, ujy 
ýasy enjam. Elimdäki küregim garşy suwuň ýüzünden 
taýyp gitdi (A. Atajanow). 2. Tutuş agaçdan ýonulyp 
harman atmak, gar we ş.m. artmak üçin pil görnüşli 
ýasy, uzyn saply gural. Ol atylan harmanyň gyzylyny 
kürek bilen bir ýere toplady. 3gepl. d. Degirmeniň 
un ahyryndan, çuwaldan we ş.m. un, bugdaý susup 
alynýan gysga saply susguç. 
KÜREKÇI [kürökçü], at. Kürek bilen gaýyk 
sürýän, küregi işledýän adam. 
KÜREKLEME 
[küröklömö], 
iş 
ady. 
Küreklemek ýagdaýy. 
KÜREKLEMEK [küröklömök], işl. 1. Kürek 
bilen gaýyk sürmek, gaýygy küregiň kömegi bilen 
ýöretmek. Men yzymyza kürekläp ugradym (T. 
Gurbanow). 2. gepl. d. Kürek bilen artmak
toplamak. 3. Kürek bilen uny, bugdaýy we ş.m. 
gapgarmak, guýmak. 
KÜREKLEMEKLIK [küröklömöklük], iş ady. 
Küreklemek ýagdaýy. 
KÜREKLENMEK [küröklönmök], işl. 1. Kürek 
bilen gaýyk sürülmek. Olar deňziň içindäki
küreklenýän gaýyga meňzeýärdi (A. Nazarow).
2. Kürek bilen ardylmak, toplanmak. Işikdäki gar 
küreklendi. 
KÜREKLEŞMEK 
[küröklöşmök], 
işl.l
Küreklemäge (1-nji we 2-nji manylarynda) kömek 
etmek.Ol ikinji küregi aldy-da, gaýykça kürekleşip 
başlady. 2. Iki ýa birnäçe bolup küreklemek (1-nji we 
2-nji manylarynda). Ikisi iki ýerden gaýyklaryny 
kürekleşip, bir salymdan ep-esli ýol geçdiler. 
KÜREKLETMEK 
[küröklötmök], 
işl. 
Küreklemek (1-nji we 2-nji manylarynda) işini 
başga birine etdirmek. Gary kürekledip toplatmak. Ol 
gaýygy ýaş, gujurly oglana kürekletdi-de, beýleki 
kenara ugrady. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   103   104   105   106   107   108   109   110   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling