Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


sowurmak ýok etmek. Bagtyň küle çökmek


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet103/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   99   100   101   102   103   104   105   106   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

sowurmak ýok etmek. Bagtyň küle çökmek 
durmuşyň ugruna bolman bulaşmak, edeniň ugruna 
bolman, ters düşmek; işiň gaýtmak. Bagtyň küle 
çökmesin.  
KÜLAL [küla:l], at. Küýzegär. 
KÜLALTAMDYR 
[küla:ltamdyr], 
at. 
Küýzegärleriň ýasaýan tamdyry. 
KÜLATAR, at. Ojagyň küli syrylyp, toplanyp 
dökülýän susak. 
KÜLBE [külvö], at. 1. Ýaşamak üçin sümelge, 
ýaşamak mümkin bolan bolgusyzja küme, kepbe. 
2.gepl.d. Ýaşaýyş jaýy, öý. Sen öz külbäňi nirede-de 
bolsa, suwuň kenarynda dikgin (

Edebiýat we 
sungat

). 

Külbesini arkasyna daňmak kowmak, göçürip 
goýbermek. 
KÜLBIKE [külvi:ke], at. Eliň ýa-da aýagyň 
barmaklarynyň iň kiçisi, başam barmakdan soň 
dördünji barmak. 
KÜLÇE [külçö], at. Un, ýag, ýumurtga goşulyp, 
süýde ýugrulyp, ýörite bişirilýän kiçijik tegelek 
çörek, köke. 
KÜLDAN [külla:n], at. Çilimiň küli kakylýan, 
galyndysy taşlanýan gap, guty. 
KÜLE [külö], syp. 1. Guýrugy kesik, kelte 
guýrukly; jonnuk, gysga, kelte. Küle köpek art 
penjeleri bilen ýer dörüp, ýüzüni nobura bakan tutup 
hyňranýardy (B. Kerbabaýew). 2.Oglana dakylýan at. 
KÜLEÇE [külöçö], at. Daşyna begres, mahmal 
we ş.m. daşlyk çekilen gysga aýal içmegi. Ejemden 
galan küleçäni hökman geýerin, kaka! (

Edebiýat we 
sungat

). 
KÜLEMBIBI [külömmi:vi], at, ser. Külbike. 
KÜLEMBIKE [külömmi:ke], at, ser. Külbike. 
Kirişleriň goşulyp gaýdýan perdesine külem 
barmagyny basyp durdy-da, dutaryň gapagyny basdy 
(N. Saryhanow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   99   100   101   102   103   104   105   106   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling