Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KÜREKLEÝIŞ  [küröklöýüş],  iş  ady.  Küreklemek ýagdaýy.  KÜREKLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet108/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   104   105   106   107   108   109   110   111   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÜREKLEÝIŞ 
[küröklöýüş], 
iş 
ady. 
Küreklemek ýagdaýy. 
KÜREKLI [küröklü], syp. Kürek bilen sürülýän. 
Kürekli gaýyk. 
KÜREMEZ [kürömöz], at. Goýun, geçi süýdi 
turşy çalyň, gatygyň üstüne guýlup ýasalýan içgi. 
Çopanyň ýanlygynda sowuk küremez bardy. 
KÜREN [kürön], syp1. Köp öýden ybarat, esli
meýdany tutyp, hatar gurap outran, topar, topbak. 
Namart çaşyr, küren ile baş bolsa, Aýbyn açar öz 
ilinden daş galsa (Magtymguly). Küren oba2. Dag 
ady. 3. Oglana dakylýan at.  
KÜRK, at. Towugyň ýumurtga guzlamasyny 
kesip, ýumurtga basyp ugraýan wagtyndaky ýagdaýy. 
Gaz edinmek maksady bilen kürk bolan towuklaryň 
aşagyna gaz ýumurtgalaryny atdylar (B. Öwezow). 

Kürk bolmak towugyň ýumurtga basmak 
wagty gelmek. Kürk bolan towuk.Kürk towuk ýaly 
haýal deprenýän, haýal hereket edýän (adam 
hakynda). Emma aşagy ýumurtgaly kürk towuk ýaly 
galyp bilmän oýkandy (B. Kerbabaýew). 
KÜRKÜLDEME 
[kürküllömö], 
iş 
ady. 
Kürküldemek ýagdaýy. 
KÜRKÜLDEMEK [kürküllömök], işl. Kürk-
kürk etmek, kürk-kürk edip ses çykarmak. Kürk 
towuk kürküldeýärdi. 
KÜRKÜLDEŞMEK 
[kürküllöşmök], 
işl. 
Birnäçe kürk bolan towuk kürk-kürk etmek. Kürk 
towuklar kürküldeşýärdi. 


60 
KÜRKÜLDEÝIŞ 
[kürküllöýüş], 
iş 
ady. 
Kürküldemek ýagdaýy. 
KÜRMEK [kürmök], at. Şalynyň içinde 
gögerýän gara dänelije ösümlik we onuň dänesi, 
çigin, çetnik. 
KÜRRE [kürrö], at. 1. Müngä ýaramaýan, bir 
ýaşyň içindäki eşek çagasy. Kürresi elinden gitse 
eşegiň, Telmirip dört ýana gözlär uşagyn 
(Magtymguly). 2. Oglana dakylýan at. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   104   105   106   107   108   109   110   111   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling