Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet116/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   112   113   114   115   116   117   118   119   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KYRKLYK [kyryklyk],at. 1. 40 sany, mukdary 
görkezýän at. 2. Käbir zatlaryň ölçegini, belgisini 
aňladýan söz. Kyrklyk sapak. 
KYRKY, at. Aradan çykan adamy ýatlap, onuň 
ýakyn hossarlarynyň degsin edýän kyrkynjy güni. 
KYRKYNJY, san. 40 sanyndan ýasalan tertip 
san. Kyrkynjy jaý. Kyrkynjy sahypa. 
KYSMAT, at. Ýazgyt, täleý, takdyr, ykbal. 
Nädeýin, kysmatym ýaman, Bu gamlardan gutar 
meni (

Görogly

). 
KYSSA, at. 1. edeb. Şygyr bilen däl-de, gürrüň 
görnüşinde ýazylýan eser. 2. Dessanyň gürrüň 
görnüşli bölegi. 3. gepl. d. Gündelik durmuş ýa-da 
geçmiş barada söhbet, gürrüň; hekaýat, rowaýat. 
Gelýär gadymdan bäri, ine, şeýle bir kyssa: Şa öňüne 
bilbili getirýärler kapasda (M. Seýidow).
KYSSAÇY, at. 1. Kyssa bilen eser ýazýan 
ýazyjy. 2. gepl.d. Gürrüňçi, söhbetçi. 
KYSYM, at. 1. Aýratynlygy, umumylygy 
tarapdan bir meňzeş bolan topar, bölek. 2. Belli bir 
görnüş. Muham aga dürli kysymdaky traktorlary, 
gurallary mähirlilik bilen synlady (B. Öwezow).
KYSYMLY, syp. Belli bir kysymda, görnüşde 
bolan, kysymdaş. 
KYÝAMAT 
[kyýa:mat], 
at. 
Ahyrzaman, 
dünýäniň soňy; ahyret, o dünýä. Magtymguly aýdar, 
geler şu işler, Kyýamat gün gullar görse gerekdir 
(Magtymguly). 

Kyýamat ahyr bolmak kyýamat güni gelmek, 
ahyrzaman bolmak. Kyýamat güni goňşudan 

başyňa agyr iş düşende goňşyň ýagşylyk edip biler

diýen manyda ulanylýan aňlatma. 
KYÝAMATLYK [kyýa:matlyk], at. Ebedilik, 
müdimilik, kyýamata çenli. Aglamagyn kyýamatlyk 
perzendim, Gözýaşyň döküşiň aldy janymy 
(

Görogly

). 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   112   113   114   115   116   117   118   119   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling