65
(gan hakynda).
Men senden başga baksam, Gan
gusaý lagta-lagta (Halk döredijiliginden).
LAGTALANMAK [lağtalanmak],
işl. Lagta-
lagta bolmak,
tokga tutmak, goýalyp lagta görnüşe
geçmek.
LAGYM [lağym],
at. 1. Depäniň, beýikligiň
aşagyndan suw geçirmek üçin gazylýan ýerasty aryk,
suw ötügi.
2. Arassa ýa-da hapa suwlary akdyrmak
üçin ýerasty geçirijileriň ulgamy.
LAGYRDAMA
[lağyrdama],
iş
ady.
Lagyrdamak ýagdaýy.
LAGYRDAMAK [lağyrdamak],
işl. 1. Bagyryp
lagyrdyly ses çykarmak.
Bu Hally şahyryň lagyrdap
duran göherdine dönüpdir (N. Pomma).
2.
göç. m.
Lagyr-lagyr edip hüňürdemek.
Nahar sähel gijä
galsa, onsoň ýagryna degilýän göhert ýaly, şol
lagyrdar oturar (N. Hojageldiýew).
LAGYRDAMAKLYK [lağyrdamaklyk],
iş ady.
Lagyrdamak ýagdaýy.
LAGYRDAMAZLYK [lağyrdamazlyk],
iş ady.
Lagyrdap oturmazlyk, lagyr-lagyr etmezlik.
LAGYRDAŞMAK [lağyrdaşmak],
işl. Birnäçe
erkek bilelikde lagyrdamak.
Käte goýunlary suwa
ýakanda, suw çekýän erkekler lagyrdaşýardy (Ç.
Gurbangylyjow).
Do'stlaringiz bilan baham: