Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet122/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   118   119   120   121   122   123   124   125   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

LAKGYLDATMAK [lakgyllatmak], işl. Birini 
bolgusyz gürletmek. Gowusy, şoňa habar gatyp 
lakgyldatmasana! 
LAKGYLDY [lakgylly], at. Bolgusyz zatlar 
hakynda edilýän boş gürrüň. Şular ýaly jogapkärsiz 
lakgyldylar netijesinde geçen ýyl edilmeli iş ýene yza 
galýar (B. Kerbabaýew).
LAKGYLYK, at. Lakgy gylyklylyk, biderek 
ýaňramaklyk, ýaňralyk. Lakgylygyň zyýandan başga 
peýdasy bolmaz. 
LAKLAR [la:klar], at. Dagystanyň ýerli ilatynyň 
bir bölegini düzýän halkyýet. 
LAK-LUK: lak-luk atmak (etmek, ýuwutmak) 
nebsewürlik bilen çalt iýmek, hapyr-hupur etmek, şol 
durşuna ýuwutmak. – Şonça salam bermedik bolsaň, 
seni lak-luk atardym diýipdir (

Türkmen halk 
ertekileri

). 
LAKMUS [la:kmus], at. Gök reňkli ösümlik 
boýagy: onuň reňki siňdirilen kagyz kislotanyň täsiri 
bilen gyzyl reňke, aşgarlaryň täsiri bilen bolsa ýene 
öňki gök reňkine geçýär. Lakmus kagyzy.
LAKYRDAMA, iş ady. Lakyrdamak ýagdaýy. 
LAKYRDAMAK, işl. 1. Gaty gaýnanda 
lakyrdyly seslenmek, lakyr-lakyr edip gaýnamak.  


66 
Aradan ýarym sagat wagt geçmänkä, oturdylan gara 
kündük lakyrdap gaýnady (N. Saryhanow). 2. Tigriň 
okunyň durýan ýeri iýlip, lakyrdyly seslenmek. 
Arabanyň tigri lakyrdap başlapdyr. 
LAKYRDAMAZLYK, iş ady. Lakyrdap 
gaýnamazlyk. 
LAKYRDAŞMAK, işl. Çaý gaýnadylýan 
gaplaryň ençemesi bile lakyrdamak. Gaýnan 
semawarlar lakyrdaşýardy. 
LAKYRDATMAK, işl. 1. Gaty gaýnatmak. 
2.Çagşatmak, gowşatmak (teker hakda). Arabanyň 
tigirlerini lakyrdadyp taşlapdyrlar.  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   118   119   120   121   122   123   124   125   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling