Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet130/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   126   127   128   129   130   131   132   133   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

LEMMERLENIŞ, iş ady. Lemmerlenmek 
ýagdaýy. 
LEMMERLENMEK, 
işl. 
Lemmer-lemmer 
bolmak, üsti-üstüne üýşmek, gat-gat bolmak. 
Asmanda bulutlar lemmerlenýärdi. 
LEMMI-LEMMI: lemmi-lemmi etmek agzyň 
gowuşmaýan ýaly bolgusyz hem köp geplemek, 
ugursyz gürläp oturmak. Hemmesi hem seniň 
özüňdendir-le, baran ýeriňde lemmi-lemmi edip 
oturansyň, häli men gitsem, boş gelmejegim-ä bilýän 
(A. Durdyýew).
LENÇ: lenç bolmak bizar bolmak, irmek, 
ýadamak, halys bolmak. Aladadan ýaňa lenç bolmak. 
Lenç etmek bir aýdylan zady gaýtalap durmak, 
gaýtalap ýürege düşmek, halys irizmek, ýagyr etmek.
Lenç edilmek 1) basgylanyp torç edilmek, 
depelenmek. Hüjüm edip çar tarapdan kän ýagy, 
Lenç edildi depeleriň topragy (A. Kekilow). 2) Öň 
gaty köp ýüzlenilen, ýazylan. Hekaýa lenç edilen 
tema bagyşlanypdyr. 
LENTA [le:nta / lente], at1. Insiz zolak mata. 2
Her hili materialyň insizje zolagy. Kagyz lentasy. 
Kino lentasy.  
LEŇ, syp., k. d. Agsak, keýtik. Biliň buruk, 
aýagyň leň (Zynhary). 
LEŇKE, at. Köplenç, düşekçe we ş.m. tikilýän 
zolakly berk nah mata. 
LEŇKEBUT [leňkevu:t], at. Aýaklary uzyn, 
göwresi tokgaja, kerepden tor ýasaýan, siňek awlap 
ýaşaýan möýe meňzeş mör-möjek. 
LEŇKILDEME 
[leňkilleme], 
iş 
ady. 
Leňkildemek ýagdaýy. 
LEŇKILDEMEK [leňkillemek], işl. Leňk-leňk 
edip ýöremek, keýtiklemek; towsaklaýan ýaly edip 
çaltrak ýöremek. 
LEŇKILDEŞMEK [leňkilleşmek], işl. Köp 
bolup leňkildemek. 
Süriniň agsak-towsaklary 
leňkildeşip, süýrenişip barýardy. 
LEŇKILDETMEK [leňkilletmek], işl. Leňkildär 
ýaly sürmek, leňkildemäge mejbur etmek. Kel hem 
batyr agsak ýabyny leňkildedip:–Hany biz näme iş 
bitirýäris!– diýip ugrady (

Türkmen halk ertekileri

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   126   127   128   129   130   131   132   133   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling