LEBIZSIZLIK [levissizlik], at. Lebzi ýokluk,
ygrarsyzlyk.
LEBIZ-YGRAR [lebiz-ygra:r], at,ser. Lebiz.
Lebzine-ygraryna garap, adama baha bermelidir (H.
Derýaýew).
LEÇ: leji çykmak1) ýadap halys bolmak, haýy
gaçmak, aryp tapdan düşmek, ysgyndan-kuwwatdan
gaçmak. Bize bir dem ber, halys lejimiz çykdy (N.
Pomma). 2) ser. Lenç etmek. Leji çykan jümleler.
LEÇEKat,kön.s.1.Gyňaç, ýaglyk. Başyňyzda
elwan leçek, Biliňizde tylla pyçak (
Görogly
).
2.gepl.d.Ýaşmak, ýaşmaklyk; börügiň aşagyndan
aýlanyp alynýan sary ýa-da gyzyl reňkli ýüpek mata.
LEGEN, at. Kir ýuwulýan ýa-da hojalykda başga
maksatlar üçin ulanylýan ýuka metal gap, taz.
LEGENDA [leǧe:nda], at. Taryhy waka ýa-da
adam hakynda aýdylýan şahyrana hekaýa, rowaýat.
Siz bolsa, şöhratly legendany ýok etjek bolýarsyňyz
(
Edebiýat we sungat
). Ertekiler, legendalar halkyň
arasynda köp ýaýrapdyr.
LEGENDAR [leǧenda:r], syp. 1. Ady legenda
öwrülen. Legendar gahryman. 2. Haýran ediji,
beýlekilerden üýtgeşik, görlüp-eşidilmedik, geň.
LEGLEK [leğlek], at. Aýagy, boýny uzyn, uly ak
guş.
LEGSAN [legsa:n]:legsan etmek basgylaşdyryp,
üzüp-ýolup weýran etmek, basalap ýere sokmak, torç
etmek, zaýalamak (ekin hakynda). Her kim her zat
diýse-de, arpany legsan eden zadyň nämedigini bilen
bolmady (B. Kerbabaýew).
LEGZAN [leğza:n]: legzan etmek bir zadyň
yzynda ýa-da ugrunda kösemek, sergezdan etmek.
Legzan urmak hars urup ýörmek, ýetişiksiz
ýagdaýda elewremek. Legzan urup nireden
gelýärsiň?
Do'stlaringiz bilan baham: |