Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet127/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   123   124   125   126   127   128   129   130   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

LEB [lev], at, şahyr. 1. Dodak. Lebi şeker, agzy 
gunça, Ol zülpi tardan aýryldym (Magtymguly). 
Leblerinden bal akar, Şadyýan läle kakar (G. 
Ezizow). 2. k. d. Gyra, ýaka, boý, kenar (deňiz, derýa 
we ş.m. hakynda). Kepderiler bir silkinip, perizat 
boldular we kapasy serhowzuň lebinde goýdular 
(

Hüýrlukga – Hemra

). Derýa lebi otluk, suwluk, 
ajap çemenlik bir ýer erdi (

Gül – Bilbil

) . 
LEBBEÝIK [lepbeýik], kön. s. 

Hawa, men taý-
ýar, men häzir, men bar; buýrugyňyza men taýyn

diýen manydaky giriş söz. Mejnun bu sözi eşidip, 

Lebbeýik

 diýdi (

Leýli – Mejnun

). 
LEBIZ [leviz], at. Bir zat hakynda berlen wada
söz, ygrar, äht.
◊ Lebiz etmek bir zady etmeklige söz bermek, 
boýun bolmak, wada bermek. Gijeler ýatmaga 
bolmaz kararym, Lebiz edip men, bir wadada 
duraryn (

Şasenem – Garyp

). Lebziňde durmak 
beren sözüňi ýerine ýetirmek,wadaňda tapylmak, 
ygrarly bolmak. Arap at meýdanda ýörär, Är bolan 
lebzinde durar (

Görogly

). Lebziňden dänmek ser. 
Lebziňi ýuwutmak. Sähet aga özüniň lebzinden 
dänmejegini aýdýar  (

Edebiýat we sungat

). Lebziňi 
ýuwutmak eden wadaňda tapylman, ähdiňi bozmak, 
lebziňden dänmek, ygrarsyz bolmak. 
LEBIZLI [levizli], syp. Eden wadasynda 
tapylýan, beren sözünde durýan, durnukly, ygrarly. 
Lebizli ýigit. 
LEBIZLILIK [levizlilik], at. Lebzi barlyk, 
ygrarlylyk. 
LEBIZSIZ [levissiz], syp. Lebzi ýok, beren 
sözünde durmaýan, ygrarsyz. Lebizsiz adam. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   123   124   125   126   127   128   129   130   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling