Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet135/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   131   132   133   134   135   136   137   138   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

 LÄLE [lä:le] II, at. 1. Gyzyl reňkli gül. Ýaňagyň 
misli läledir, Bakyşyň janym aladyr (

Şasenem – 
Garyp

). Açyldy zemin lälesi, Üşbu dünýä reýhan bu 
gün (Magtymguly). Zeminiň lälesi, asmanyň aýy, 
Dünýäniň 
göwheri-käni, 
Ogulbeg 
(Kemine).
2. göç. m. Söýgüli gyz (esasan birinji şahsyň 
degişlilik goşulmasyny kabul edýär). Emma, düşün, 
läläm, şeýle gün dogar: Saçlaryň nur bolup, üstüme 
ýagar (G. Ezizow). 3. Gyza dakylýan at. 
Läle ýaly kir-kimiri aýrylyp, reňki gowy 
açylan (ýuwlan eşik hakynda). 
LÄLE-REÝHAN [lä:le-reýha:n], at, ser.Läle we 
Reýhan
LÄLEZAR [lä:leza:r], syp., at. Läle gülüniň köp 
gögerip oturan ýeri, meýdany. Lälezar çemenli 
düzlerim galdy (Seýdi).  Asman lälezardyr, Toprak – 
tenekar (K. Gurbannepesow).
Lälezar bolmak al-elwan gül biten ýaly 
bolmak. 
LÄLEZARLYK [lä:leza:rlyk], at. Gülzarlyk, 
gülli-çemenli meýdan. Öňki tozan çölüstan giň 
lälezarlyga öwrüldi (

Watan

). Men bu gün säher 
oýanyp, çykdym lälezarlyga, Depäm üste ümmülmez 
gümmeze gözüm düsdi. (G.Ezizow). 
LÄLIK [lä:lik], syp. Edenine däl diýilmän, 
aýnadylyp saklanan, eziz görlüp ulaldylan, söýlüp 


71 
ösdürilen. Nartäç ejesi-kakasy tarapyndan lälik 
saklanan gyzdy (A. Gowşudow). Lälik saklanypdyr, 
ýok okan ýeri, Bilini agyrdyp dökmändir deri (A. 
Kekilow).
LÄLIKLIK [lä:liklik], at. Lälik bolmaklyk, 
läligiň bolşy, gylyk-häsiýeti, özüni alyp barşy. 
Ýadyňyzdamy, okaýarkak hem onda läliklik, öz-
özünden göwni bitginlik duýulýardy (B. Pürliýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   131   132   133   134   135   136   137   138   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling