Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


LÄGIRIŞMEK [lä:ğirişmek], işl. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet134/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   130   131   132   133   134   135   136   137   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

LÄGIRIŞMEK [lä:ğirişmek], işl. 1. Birden köp 
bolup uzyn-uzyn çirkin ses etmek, bilelikde lägirmek 
(geçi hakynda). Owlaklar lägirişdiler. 2. Gorkudan 
ýaňa gaty gygyryşmak, çirkin aglaşmak, gaty ses 
bilen gygyryşmak (çaga, adam hakynda). Çagalar 
lägirişip, ýerlerinden galdylar. 
LÄGIRME [lä:ğirme], iş ady. Lägirdäp durmak 
ýagdaýy. 
LÄGIRMEK [lä:ğirmek], işl. 1. Uzyn-uzyn 
çirkin ses etmek, gygyrmak (geçi hakynda). Geçi 
ýene lägirdi. 2. gepl. d. Gorkudan ýaňa gaty 
gygyrmak, çirkin aglamak, gaty ses bilen gygyrmak, 
wägirmek (çaga, adam hakynda). Duran ýerinden 
agzyny hatap ýaly açyp: Wä-ä, wä-ä! – diýip lägirdi 
(A. Durdyýew). 
LÄGIRTMEK [lä:ğirtmek], işl. 1. Uzyn-uzyn ses 
etdirmek, lägirmäge mejbur etmek, gygyrtmak (geçi 
hakynda). Owlagy lägirtmek. 2. gepl. d. Gorkuzyp 
gaty gygyrtmak, çirkin aglamaga, gaty ses bilen 
gygyrmaga mejbur etmek (çaga, adam hakynda). 
Çagany lägirtmek.
LÄHEŇ, at. 1. Deňizde ýaşaýan süýdemdiriji, iň 
uly jandar, kit. Gämige labyrdyr, derýa läheňdir 
(Magtymguly). 2. syp., göç. m. Äpet, mähnet, ägirt, 
uly. Şeýle beýiklikdäki tolkun dyňzap ugranda, 
göwnümize bolmasa, dagyň läheň daşlary dargap 
kenar gaýra süýşäýjek ýaly boldy (

Edebiýat we 
sungat

). 
LÄHET, at, k. d., ser. Lahat. Sen bilen lähede 
bile, Girerin senden aýrylman (

Görogly

). 
LÄKEME [lä:keme], at. Kürek bilen herekete 
getirilýän, 500-600 put ýüki göterýän gaýygyň bir 
görnüşi. 
LÄLE [lä:le] I, at. Gyzlaryň üýşüp ýa-da 
ýekelikde 
sazsyz 
aýdýan 
aýdymy 
(halk 
döredijiliginiň bir görnüşi). 
◊ Läle kakmak belli bir heňde läle aýtmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   130   131   132   133   134   135   136   137   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling