Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet142/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   138   139   140   141   142   143   144   145   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MAGŞAR [mağşar], at. Kyýamat,ahyret. Magşar 
güni bolmasaň sen maňa dalda, Ýa reb, niçik bolar 
halym şo günde (Magtymguly). 
MAGŞUK [mağşu:k], at. Ýigidiň söýýän gyzy, 
söýgülisi, aşyk gyzy. Magşuk üçin çyn aşyklar, 
Hasratyndan kakmaç bolar (Zelili). 
MAGŞUKLYK [mağşu:kluk], at. Magşugyň 
ýagdaýy, magşuk bolmaklyk, magşugyň haly. 
Aşyklykdan-magşuklykdan, Nuh döwründe dynan 
kempir, 

Men adaglyň!

 diýen bolup, Oýun salýaň aç 
başyma (K. Gurbannepesow). 
MAGTABERMEK [mağta:vermek], işl. gepl.d
Magtap, öwüp başlamak, taryp edip ugramak. 
MAGTALMAK [mağtalmak], işl., gepl.d. Biri 
tarapyndan taryplanmak, öwülmek. 
MAGTAMA [mağtama], iş ady, gepl.d
Magtamak ýagdaýy. 
MAGTAMAK [mağtamak], işl., gepl.d. Gowy 
tarapyny aýdyp öwmek, taryp etmek, taryplamak. 
Haryň işi hardyr, dostlar, Müň magtasaň, atça 
bolmaz (Magtymguly). 
MAGTAMAKLYK [mağtamaklyk], iş ady, 
gepl.d. Magtamak ýagdaýy. 
MAGTANÇ  [mağtanç], at., gepl.d. Öwgi, taryp. 
Magtanjy göterinmek gerek. 
MAGTANMA [mağtanma], iş ady., gepl.d
Magtanmak ýagdaýy. 
MAGTANMAK [mağtanmak], işl., gepl.d. Öz-
özüňi öwmek, öwünmek, öz tarypyňy ýetirmek. 
Magtanarlar ile 

sopy men

diýip, Emma weli, 
gözlerinde nem bolmaz (Zelili). 
MAGTANMAKLYK [mağtanmaklyk], iş ady, 
gepl.d. Magtanmak ýagdaýy. 
MAGTANYŞ [mağtanyş], iş ady, gepl.d
Magtanmak ýagdaýy. 
MAGTANYŞMAK [mağtanyşmak], işl., gepl.d. 
Birnäçe bolup öwünmek, öwnüşmek. Olara-a ýöne 
magtanyşyp otyrlar! 
MAGTAW [mağtow], at., gepl.d. Öwgi, taryp. 
Sen onuň magtawyny ýetirdiň. 
MAGTAWLY [mağtowly], syp., gepl.d. Öwgüli, 
taryply. Magtawly serkerdelerinden Şasepit serdaryny 
sansyz ýygyn bilen Çandybile ugratdy (

Görogly

). 
MAGTAÝYŞ [mağtaýyş], iş ady, gepl.d
Magtamak ýagdaýy.
MAGUN [mağu:n], atgepl.d. Wagon. Ol oturan 
adamlaryň üsti bilen halkyň iň gymmatbaha 
dürdänelerini toplap, magun dolduryp alyp gidenine 
ol adamlar üns bermediler (B. Kerbabaýew). 
MAH, serMahaw. 
MAH [ma:h], at, k.d. Aý. Arzymny diňlemez 
şahym, Batdy asmandaky mahym (Magtymguly). 
MAHABAT [maha:vat], at. 1. Öwgi, taryp. 
Obadaşlarynyň we şägirtleriniň bu aýdýan sözleri 
oňa ýönekeý bir howaýy mahabat däldi (

Edebiýat 
we sungat

). 2. serReklama. 
MAHABATÇY [maha:vatçy], at. Öwüji, tarypçy, 
taryplaýjy. 
MAHABATLAMA [maha:vatlama], iş ady. 
Mahabatlamak ýagdaýy. 


77 
MAHABATLAMAK 
[maha:vatlamak], 
işl. 
Öwmek, taryplamak; öwüp arşa çykarmak, 
dabaralandyrmak. 
MAHABATLANDYRMAK 
[maha:vatlannyrmak], işl. Öwgüsini, tarypyny 
ýetirmek. 
MAHABATLANMAK [maha:vatlanmak], işl. 
Öwulmek, taryplanmak; öwlüp arşa çykarylmak, 
dabaralandyrylmak. 
MAHABATLAÝYŞ [maha:vatlaýyş], iş ady. 
Mahabatlamak ýagdaýy. 
MAHABATLY [maha:vatly], syp. Öwgüli, 
taryply; haýbatly. 
MAHABATLYLYK 
[maha:vatlylyk], 
at. 
Öwgülilik, taryplylyk; haýbatlylyk.
MAHAL, at. Ölçegi belli bolmadyk wagt, pursat; 
döwür, zaman.  
MAHAL-MAHAL, 
hal.Käwagt, 
kämahal, 
wagtal-wagtal, aram-aram; käte. Annagylyç mahal-
mahal haýatyň üstüne çykyp oturardy (B. Gulow). 
MAHAW [mahow], syp. 1. Agzyny öweldip 
ýören, aňkaw. Sen-ä mahaw ekeniň, köpi görmänsiň 
(

Edebiýat 
we 
sungat

). 
2. 

Aňkaw, 
mahluk

manysynda nägilelik bilen aýdylýan söz. 
MAHAWLYK [mahowluk], at. Mahaw halynda 
bolmak, agzyny öweldip ýörmeklik, aňkawlyk. 
Mahawlyk etmedik bolsaň, beýle bolmazdy. 
MAHBUP [mahbu:p], at, k.d. Söýgüli ýar, 
magşuk. Ýigidiň maksady: mahbup, ýarag, at, Il 
derdine namys getir bigaýrat (Magtymguly). Atdyr 
ýigidiň başdaşy, Bir jenan mahbup ýoldaşy 
(Magrupy). 
MAHLASY, giriş s

Gepiň gysgasy, umuman 
alanyňda

diýen manyny aňladýan söz. 
MAHLUK [mahlu:k], at. 1. Ynsan we ähli 
jandarlaryň umumy ady, ýaradylanlar. Halk üçin 
häkim adalat eýlegeý, Barça mahluga şefagat eýlegeý 
(Azady). 2.gepl.d. 

Mahaw, aňkaw, samsyk, aňsyz

manysynda aýdylýan söz. Dünýä gadryn bilmez 
nadan mahluk men, Akly gidip, başlar aglar halyma 
(Magtymguly). 
MAHMALat. 1. Ýüzi tüýjümek, galyň, ýumşak, 
ýüpek ýa-da nah mata, halynyňka kybapdaş gytyk 
çitimleri ýüzüne çykan mata. 2. Mahmaldan tikilen
don. Garaňky gije men golumy sundum, Bu golumga 
ildi mahmalyň çeti (Mollanepes). 3. Gyza dakylýan 
at. 

Mahmal owaz mylaýym, ýakymly ses. 
Bagşynyň mahmal owazy. Mahmal rewolýusiýasy 
gan döküşiksiz, düýpli garşylyksyz, asuda geçen 
öwrülişik. Mahmal toprak örän ýumşak, mylaýym 
ýer, toprak. Aňyrsyna gözýetmez mahmal toprak 
küpürsäp ýatyrdy (B. Kerbabaýew). Mahmal ýaly 
ýumşak, mylaýym; ýakymly. Mahmal ýaly mylaýym 
meýdan. 
MAHMALLYK, syp. Don tikiner ýaly (mahmal). 
MAHRUM [mahru:m], syp. Bir zada bolan erk-
ygtyýary alnan, giden, ygtyýary bolmadyk, 
ygtyýarsyz. Sen özüň, näme, söýgüden mahrummy? 
(B. Kerbabaýew). 

Mahrum bolmak bir zada bolan erk-ygtyýary 
gitmek; isleg-meýlinden kesilmek.Ol şol gije iýmek-
içmekden, enesi bilen şirin-şirin sözleşmekden hem 
mahrum boldy (B. Kerbabaýew). Mahrum etmek bir 
zada bolan erk-ygtyýaryny almak.
MAHRUMÇYLYK [mahru:mçuluk], at, ser. 
Mahrumlyk. 
MAHRUMLYK [mahru:mluk], at. Bir zatdan 
erk-ygtyýarsyz galmaklyk, bir zada bolan ygtyýardan 
kesilmeklik. 
MAHSUS [mahsu:s], syp. Häsiýetli, has, degişli, 
laýyk; mynasyp. 
MAHY [ma:hy], at. Balyk. Ahylarym, ahylarym, 
Suwda gezen mahylarym (

Nejep oglan

). 
MAHY-TABAN [ma:hy-ta:va:n], at. 1. Dolan 
Aý, nur saçýan Aý. Eger görse, jemalyňny, nigärim, 
Uýalar gökdäki ol mahy-taban (Gaýyby). 2. göç.m. 
Ajaýyp, owadan, gözel. Tagapyl eýläňler habar 
soralyň, Eý, mahy-tabanym, ýene geldiňmi? (Halk 
aýdymyndan). 
MAKALA [maka:la], at. Žurnallarda, gazetlerde, 
ýygyndylarda we ş.m. çap edilýän kiçi göwrümli 
ylmy ýa-da syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli habar, 
ýazgy. Bu deräniň gözelligini taryp etjek bolsaň, 
ýörite bir makala ýazmaly (

Edebiýat we sungat

). 
MAKET [make:t], at1. Jaýyň, zawodyň we ş.m. 
öňünden ýasalyp goýlan kiçi ölçegli nusgasy. 2
Kitabyň, žurnalyň köpçülikleýin nesir edilmezinden 
öň ýasalan nusgasy. 
MAKRO [ma:kyro]... 

Uly, uly ölçegli

manyly 
sözleriň birinji düzüm bölegi. 
MAKROYKDYSADY [ma:kyroykdysa:dy], syp. 
Makroykdysadyýet 
bilen 
baglanyşykly; 
makroykdysadyýete mahsus, oňa häsiýetli. 
MAKROYKDYSADYÝET 
[ma:kyroykdysa:dyýet], at. Ykdysady ylmyň 
umumylaşdyrylan 
görkezijileriň 
esasynda 
ykdysadyýeti bitewüligine öwrenýän bölümi. 
MAKSAT, at. 1. Bir işi, arzuwy we ş.m. amala 
aşyrmak üçin edilýän matlap, niýet, maksat-myrat. 2. 
Oglana dakylýan at. 
MAKSATDAŞ, syp. Maksatlary bir meňzeş, bir 
maksatly, bir matlaply, niýeti bir. 
MAKSATLY, syp. Maksady, arzuwy, niýeti bar 
bolan, belli bir maksada eýerýän. Aýdan aýdyň 
maksatly meň Aýlarym (B. Kerbabaýew). 
MAKSATLYLYK, at. Maksady, niýeti barlyk, 
ýüregiňde bir matlap beslemeklik. 
MAKSAT-MYRAT [maksat-myra:t], at, ser. 
Maksat 
MAKSATNAMA [maksatna:ma], at. Geljekde 
amala aşyrylmaly döwlet ähmiýetli işleriň yzygiderli 
ýazgysy, durmuşa geçirilmeli milli, syýasy, ylmy, 
edebi, 
medeni, 
ykdysady 
çäreleriň 
beýany. 
Maksatnama 
iş 
ýüzünde 
ýerine 
ýetirildi 
(

Türkmenistan

). 
MAKSATSYZ [maksassyz], syp. Maksady 
bolmadyk, maksady ýok, belli bir maksada gulluk 
etmeýän. Manysyz, maksatsyz hereket üstünlik 
getirmez. 


78 
MAKSATSYZLYK 
[maksassyzlyk]
at. 
Maksady, niýeti bolmazlyk, belli bir maksat 
tutmazlyk, maksady ýokluk, maksatly dällik. 
Maksatsyzlyk işde eli sowuklyga eltýän zatlaryň 
biridir. 
MAKUL [ma:ku:l], syp., hal. Göwnejaý, dogry, 
ýerlikli, tassyklarlyk. Ol meniň maslahatymy makul 
görüpdir (H. Derýaýew). 
MAKULLAMA 
[ma:ku:llomo], 
iş 
ady. 
Makullamak ýagdaýy. 
MAKULLAMAK [ma:ku:llomok], işl. Makul 
bilmek, göwnejaý tapmak, dogry tapmak, ýerlikli 
hasaplamak, tassyklamak, oňlamak, goldamak. Bu 
teklibi hemmämiz makulladyk. 
MAKULLANMAK [ma:ku:llonmok], işl. Biri 
tarapyndan makul bilinmek, makul tapylmak, 
tassyklanmak, oňlanmak. Meýilnama dolandyryş 
edarasynyň ýolbaşçylary tarapyndan makullandy. 
MAKULLATMAK [ma:ku:llotmok], işl. Birine 
makul diýdirmek, makul bilinmegini gazanmak, 
oňlatmak. Ol pikiri köpçülige makullatmak gerek. 
MAKULLAÝYŞ 
[ma:ku:lloýuş], 
iş 
ady. 
Makullamak ýagdaýy. 
MAL [ma:l] I, at. 1. Oba hojalygyndaky 
ownukly-irili haýwanlar, dowarlar we iri mallar.
2. Küşdüň çöpleriniň umumy ady. Küşdüň 
mallarynyň atlarynyň gelip çykyşy örän gyzyklydyr. 

Maldan el ýuwmak malsyz galmak, maldan 
çykmak. Mal doktory gepl.g.weterinariýadan ýokary 
hünärli hünärmen. Mal janly mal saklamagy we ony 
idetmegi halaýan. Türkmen halkynyň ata-babalary 
hem mal janly bolupdyr (

Türkmenistan

). Mal ýaly 
nadan, üşüksiz, kütek.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   138   139   140   141   142   143   144   145   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling