Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


MAL-BAŞ [ma:l-vaş], at, ser. Mal-gara


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet144/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   140   141   142   143   144   145   146   147   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MAL-BAŞ [ma:l-vaş], at, ser. Mal-gara. Düşseň 
men guluň eline, Mal-başym hudaý ýoluna, Seni 
bermen ýüz geline (Zelili). 
MALDAR [ma:lla:r], at. Maldarçylyk bilen 
meşgullanýan adam. Maldarlar mallary gyşlatmak 
işine göreldeli taýýarlandylar. 
MALDARÇYLYK [ma:lla:rçylyk], at. Oba 
hojalygynyň mal ösdürip ýetişdirýän pudagy. 
Maldarçylyk hojalygy. Maldarçylyk instituty. 
MALDAÝY [ma:llaýy], at. Erşi 4 gara, 20 gyzyl, 
2 ak we 20 gyzyl edilip ýüwürdilýän, argajy sap 
gyzyl ýüpekden kakylyp, tarada dokalýan çabytlyk 
ýüpek mata. Olaryň eginlerinde täze sowsany köýnek, 
börükli kellelerine-de maldaýy çabyt atylgydy (A. 
Gowşudow). 
MAL-GARA [ma:l-ğara] at. Ownukly-irili öý 
haýwanlary. Meret mal-gara seretmek işi bilen 
meşgul boldy. 
MALIÝE [ma:liýe], at. Halk hojalyk 
dolanyşygynyň düzüm bölegi hökmünde pul 
serişdeleri.
MALIÝEÇI [ma:liýeçi], at. Maliýe amallaryny 
ýöredýän hem-de maliýe ylymlaryndan hünärmen. 
MALIÝELEŞDIRME [ma:liýeleşdirme], iş ady. 
Maliýeleşdirmek ýagdaýy. 
MALIÝELEŞDIRMEK [ma:liýeleşdirmek], işl. 
Halk hojalygyny pul serişdeleri bilen üpjün etmek. 
Kärhanalary maliýeleşdirmek. Nebit-gaz pudagyny 
maliýeleşdirmek.  
MALIÝELEŞDIRMEKLIK 
[ma:liýeleşdirmeklik], iş ady. Maliýeleşdirmek 
ýagdaýy. 
MALLANMAK [ma:llanmak], işl., gepl.d., Mal-
gara edinmek, mally bolmak. Pakyra aşna ýat bolar, 
Mallansa, ýat ýara döner (Magtymguly).  
MALLY [ma:lly], syp. 1. Maly-garasy bar
eýeçiliginde ownukly-irili mal saklaýan (adam 
hakynda). Mallylar howul-hara ýarar goşlaryny 
aldylar (B. Kerbabaýew).2. göç.m. Baý, emläkli, 
mally-mülkli, barly-barjamly, gurply. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   140   141   142   143   144   145   146   147   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling