Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet147/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   143   144   145   146   147   148   149   150   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Maňlaýyňy ýumruklamak bir zat üçin ökünmek, 
gaty gynanmak, ahmyr etmek, öz-özüňi köteklemek. 
Maňlaýy şor ser. Maňlaýy gara. Ýöremedi, şum 
maňlaýym şor boldy (M. Garryýew).Maňlaýy ýok 
bagtsyz, betbagt. Aý, asyl meniň maňlaýym ýok eken! 
MAŇLAÝLAK, syp. Uly, giň we tüňňi maňlaýly. 
Maňlaýlak adam. 
MAŇLAÝLY, syp. Işi ugur alýan, bagtly, bagty 
gelen, ýazgydy, täleýi gowy. Ol bir maňlaýly adam. 
MAŇLAÝLYK, at, zergärç. s. Aýallaryň 
börüginiň ýüzüne dakynýan, ýüzüne gyzyl çaýylan
kümüşden ýasalan, köplenç, üç, bäş, ýedi ... gaşly 
bezeg şaýy. 
MAŇLAÝLYLYK, at. Işi şowlulyk, bagty 
gelenlik, bagtlylyk, oňat täleýlilik, ykbaly gowulyk. 
Maňlaýlylyk hemme kişä ýetdirýän zat däl. 
MAŇLAÝSYZ, syp. Maňlaýy gara, bagtsyz, işi 
şow almaýan.
MAŇLAÝSYZLYK, at. Maňlaýy garalyk, 
bagtsyzlyk, işi şow almazlyk.
MAŇ-MAŇ, s.ş.aňl.söz. Sowuklap burnuň biteni 
üçin burnuňa salyp gepläniňde çykýan güňlejräk 
sesler. 

Maň-maň etmek ser. Maňňyldamak. Näme 
maň-maň edip dursuň, gaty üşediňmi? 
MAŇŇAL I, at. Ot ýygmak üçin uzyn saply,
ýüzi dişelmedik oba hojalyk guraly, çalgy, aňňal. 
Maňňal bilen ot ýatyrmak
MAŇŇAL II, at. 1. Bedre ýa-da bedre ýaly 
demir gabyň böwri deşilip, içi kerpiçlenip, suwalyp 
edilýän ojagyň bir görnüşi. Maňňalda goýlan kitir 
lakyrdap gaýnady. 2Çişlik bişirilýän ýörite enjam. 3
gepl.d. Ullakan legen. 4. Bugdaý, arpa ormak, ot 
ýatyrmak üçin ulanylýan uzyn saply dik durup 
orulýan oba hojalyk guraly, aňňalyň ulurak görnüşi. 
Nury 
bolsa 
haýdap 
maňňalyny 
işledýärdi 
(Gurbanguly Berdimuhamedow, Döwlet guşy). Muny 
çalgy, aňňaldyr maňňal bilen orup bolanokdy 
(Gurbanguly Berdimuhamedow, Döwlet guşy).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   143   144   145   146   147   148   149   150   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling