81
MAŇŇYLDAÝYŞ [maňňyllaýyş],
iş ady.
Maňňyldamak ýagdaýy.
MAŇŇYLDY [maňňylly],
at. Sowuklap burnuňa
salybrak güňleç sözleýiş ýagdaýy.
MAŇRAMAZ, at. Bäş ýaşyndaky goýun.
MAŇYZ I,
at. 1. Hoz, pisse, badam, erik we ş.m.
şäniginiň içindäki tagamly, iýilýän ýagjymak özen.
Garpyz çigidiniň maňzy. Badam maňzy. 2. Çöregiň
we ş.m. zadyň içki ýumşak bölegi.
Ol gyzgyn çöregiň
maňzyny owmaç edinip iýdi. 3. göç.m. Many,
mazmun, netije.
Ol gorkusyna gören we eşidenleriniň
esasy maňzyny hemmä aýan etdi (N. Saryhanow).
MAŇYZ II,
at, kön.s. Beýni.
Maňzyňa batmak (oturmak, dammak)
göwnüňe ýaramak, göwnüňe jaý bolmak, ýüregiňe
jüňk bolmak.
Meniň bu sö
zlerim onuň maňzyna batan
bolara çemeli.
MAŇYZLY, syp. 1. Içinde maňzy bolan.
Maňyzly
şänik. 2. göç.m. Manyly.
MAŇYZLY-MAÝALY [maňyzly-ma:ýaly],
syp.
Goýazy, synasy ýerbe-ýer, dolmuş, göze doly.
Käwagt öz işi bilen daş çykyp-iç girýän, etli-ganly,
maňyzly-maýaly, otuz bäş ýaşlar çemeli görmegeý
aýal, edýän hereketleri bilen özüniň şu çagalaryň
enesidigini aňladýardy (A. Gowşudow).
MAPRAÇ [mapyraç],
syp. Etli-ganly, dolmuş.
Göwüslek mapraç aýal Aýyň ýagtysyna altyn çaýylan
egmesini ýalpyldadyp çykdy (N. Pomma).
Do'stlaringiz bilan baham: