82
MASLAHAT,
at. 1. Il-halk, döwlet derejesindäki
meseleleri maslahatlaşmak, çözmek üçin geçirilýän
uly ýygnak.
Ýaşulularyň Maslahaty. 2. Pikir alyşmak,
bir meseläni çözmek üçin geçirilýän özara gürrüň,
geňeş, sala.
Gysgajyk maslahatdan soň, bu ikisi bir
karara geldi (A. Gowşudow).
3. Hökümetleriň,
jemgyýetçilik, partiýa, ylmy we beýleki guramalaryň
wekilleri tarapyndan dürli-dürli
meseleleri ara alyp
maslahatlaşmak we çözmek üçin geçirilýän ýygnak.
4. Öwüt, nesihat; görkezme.
Maslahat salmak (soramak) bir iş
hakynda
birine akyl, nesihat sorap ýüz tutmak,
sala salmak,
geňeşmek.
MASLAHATÇY, at. Maslahat salynýan adam,
maslahat
berýän,
geňeşilýän
adam.
Gör-
oglynyň maslahatçysy Sapar Märemdir (
Görogly
).
Maslahatçy ses her
hili meseleler ara alyp
maslahatlaşylanda çözüji ses hukugy bolmadyk ses.
Maslahatçy ses hukukly wekil.
MASLAHATDAR [maslahatda:r],
at, ser.
Maslahatçy. Ol özüne ýakyn, mähriban, maslahatdar
adamy tapdy (N. Saryhanow).
MASLAHATDAŞ, at, ser. Maslahatçy. Mas-
lahatdaşlaryna Suhan gatynyň aýdan sözlerini ýeke-
ýeke aýdyp berdi (H. Derýaýew).
Do'stlaringiz bilan baham: