MAR [ma:r], at, k.d. 1. ser. Ýylan. Aždarhadyr,
marlarydyr güwlener, Aýrak goç, ak maral munda
suwlanar (Misgingylyç). 2. Köplenç, nusgawy
edebiýatda gyzyň saçy ýylana meňzedilip ulanylýan
şahyrana meňzetme. Illere meşhur edip, indi gözden
salypdyr, Çyn owsunjy-şahyrym, syýa saçy mar meni
(Zelili).
MARAL, at. 1. Ene keýik ýa-da towşan. Maral
towşan. 2.Gyza dakylýan at.
MARDOP [mardo:p], syp., gepl.d. Goýy gyzyl-
goňrumtyl reňk.
MARGIR [ma:rği:r], at, k.d. Ýylan tutýan adam,
ýylançy. Aşyk ýansa ol ýar üçin, Margir ýörse şamar
üçin, Ýigitler namys-ar üçin, Ata çykar merdanadyr
(Magtymguly).
MARKA [ma:rka / marka], at. 1. Poçta we
beýleki käbir döwlet ýygymlarynyň töleg birligini
görkezýän, ýüzi suratly we bahasy görkezilen kiçijik
dörtburç kagyzjyk. 2. Önümiň, harydyň ýüzüne onuň
çykan ýerini, kärhanasyny, hilini we ş.m. görkezmek
üçin ýelmenýän belgi. 3. Ýewropa birleşiginde ýewro
puluna
geçilmezinden
öň
Germaniýada,
Finlýandiýada hereket eden pul birligi.
MARKALAMA, iş ady. Markalamak ýagdaýy..
MARKALAMAK, işl. Bukjalara, önümlere
marka ýelmemek, marka, belgi goýmak. Önümleri
markalamak.
MARKALAMAKLYK, iş ady. Markalamak
ýagdaýy.
MARKALAÝYŞ, iş ady. Markalamak ýagdaýy.
MARS, at. Göwrümi Ýeriň göwrüminiň altydan
birine we massasy Ýeriň massasynyň dokuzdan
birine golaý bolan, Günden uzaklygyna görä dördünji
orunda ýerleşýän, seýrek atmosferaly planeta.
MARŞ, at.1. Hatarda nyzam bilen ýöreýiş täri.
Ýaňlandy aýdymly saz, Hem marş bilen etdik ýöriş
(B. Kerbabaýew). 2. Hatarda nyzam bilen dabaraly
ýöreýiş äheňine sazlaşykly ýazylan saz eseri.
Orkestriň çalýan marşyna aýaklaryny goşup, gyzlar
meýdançanyň bir çetinden girip ugradylar (T.
Gurbanow).
MARŞAL
[ma:rşal],
at.
Ýokary
goşun
düzümindäki harby gullukçylara goşun generaly
derejesinden soň berilýän harby at.
Do'stlaringiz bilan baham: |