Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


MANYLYLYK [ma:nylylyk / ma:ny:lylyk], at. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet146/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   142   143   144   145   146   147   148   149   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MANYLYLYK [ma:nylylyk / ma:ny:lylyk], at. 1. 
Manysy, mazmuny barlyk, özenlilik. 2. Öwüt-
nesihatlylyk, täsirililik. 
MANYSYZ [ma:nysyz / ma:ny:syz], syp. 1. 
Mazmuny, 
manysy 
bolmadyk, 
mazmunsyz, 
maňyzsyz. 
Gurt 
özüniň 
gürrüňini 
manysyz 
aýtmaýardy (A. Gowşudow). 2. Ähmiýetsiz, 
peýdasyz, biderek, täsirsiz. Indi garşylyk görkezmek 
manysyz diýjek ýaly etdi (A. Gowşudow).3. Hiç zat 
aňlatmaýan, biperwaý, sowuk-sala, hiç esassyz; ýöne. 
Garry gür gaşlaryny ýokary göterdi, Täzegülüň 
ýüzüne manysyz seretdi (B. Seýtäkow). 
MANYSYZLAŞDYRMAK [ma:nysyzlaşdyrmak 
/ ma:ny:syzlaşdyrmak], işl. Manysyny, mazmunyny, 
ähmiýetini kemeltmek, manysyny ýitirmek. Munuň 
özi 
bolsa 
şol 
hadysalary 
ýoýmaklyga, 
manysyzlaşdyrmaga alyp barýar. 
MANYSYZLAŞMA 
[ma:nysyzlaşma 

ma:ny:syzlaşma], iş ady. Manysyzlaşmak ýagdaýy. 
MANYSYZLAŞMAK 
[ma:nysyzlaşmak/ 
ma:ny:syzlaşmak], işl. Many-mazmundan mahrum 
bolmak, manysyny, ähmiýetini ýitirmek. 
MANYSYZLYK [ma:nysyzlyk / ma:ny:syzlyk], 
at. 1. Manysy, mazmuny ýokluk, mazmunsyzlyk. 
Hekaýanyň 
manysyzlygy. 
2. 
Ähmiýetsizlik, 
peýdasyzlyk, täsirsizlik. 


80 
MAŇ, at. Dört ýaşyndaky goýun. Käbir maňy 
bolsa guýrugyndan gop berip galdyrmaly (B. 
Kerbabaýew). 
MAŇGYRSAK [maňňyrsak] I, at. Dört ýaşdan 
ýokary geçen erkeç. 
MAŇGYRSAK [maňňyrsak] II, at. Itüzümler 
maşgalasyna degişli köpýyllyk zäherli ösümlik. 
MAŇKA I, at, gepl.d. Burundan gelýän goýy 
suwuklyk, sümük. Ýeri how, maňkaňy oňaraňok weli, 
zol Gurban diýip dursuň-la! (A. Durdyýew). 
MAŇKA II, at, maldarç. Haýwanlara degýän 
ýokanç kesel. Mallarda maňka, agsyl keselleri duş 
gelýär. 
MAŇKALABERMEK [maňkala:vermek], işl. 
Maňka keseli ýokuşyp başlamak. 
MAŇKALAMA, iş ady. Maňkalamak ýagdaýy. 
MAŇKALAMAK, işl., maldarç. Maňka keseli 
degmek, maňka keseli bilen kesellemek. Goýunlaryň 
birnäçesi maňkalapdyr.
MAŇKALAMAKLYK, iş ady. Maňkalamak 
ýagdaýy. 
MAŇKALAÝYŞ, iş ady. Maňkalamak ýagdaýy. 
MAŇLAÝ, at. 1. Adamyň kellesiniň gaş bilen 
saçynyň, haýwanyň göz bilen şah çykar ýeriniň 
aralygyndaky ýer, alyn. Maňlaýy bir garyş, bolsun at 
ýüzli, 
Tawus 
guş 
simaly, 
ütelgi 
gözli 
(Magtymguly).Ylaýta-da onuň giň maňlaýy, mydama 
ýylgyrmaga taýyn duran mylaýym ýüzi oňa ýarady 
(B. Seýtäkow). 2. Käbir zadyň öň ýüzi, alyn tarapy. 
Jaýyň maňlaýyndaky mähnet sagadyň peýkamlary 
dokuza golaýlaýany üçin, tamyň ikinji gatyna çalasyn 
dyrmaşýardylar (B. Kerbabaýew). 3. göç.m. Bagt, 
ykbal, ýazgyt, täleý.

Maňlaýa ýazylmak (çyzylmak) geljegiň 
öňünden belli edilip goýulmak, täleýde bar bolmak. 
Näme-de bolsa maňlaýa ýazylandyr, ondan gaçyp 
gutulmak bolmaz (B. Seýtäkow). Maňlaýdakyny 
görmek ykbalyňa kaýyl bolmak, ýazgydyňa gelenini 
başdan 
geçirmek. 
Ahyry 
bolmasa, 
senem 
maňlaýdakyny gör (

Görogly

). Maňlaý deriňi 
saçmak der döküp zähmet çekmek, köp işlemek. 
Maňlaý işi bagt, täleý, ýazgyt işi. Aý, bu zatlar 
maňlaý işi-dä! Maňlaýy açylmak biri bilen durmuş 
gurmak, bagtyň açylmak. Maňlaýy gara bagtsyz, işi 
şowuna düşmeýän, şor maňlaý. Maňlaýy gaty ser. 
Maňlaýy gara. Maňlaýy kessir bermek göni 
maňlaýyna urmak. Maňlaýyna ýelmemek 1) açyk 
aýtmak, diýmek, aýbyny, etmişini göni ýüzüne 
diýmek. 2) bir zady gaharly eltip bermek, üstüne 
zyňmak. Şol kagyzynam maňlaýyna ýelmäp gaýtsana! 
Maňlaýyndan çykmak biri ýa-da bir zat duş gelmek, 
ýazgyda görä sataşmak, duçar bolmak (köplenç, 
durmuş gurmaly bolan äriň ýa-da aýalyň hakynda). 
Maňlaýyndan diremek kömeketmek, ýardam 
bermek, kyn günde goldamak, alnyndan diremek; kyn 
ýagdaýda hossar çykmak, hemaýat etmek. Maňlaýyň 
ak (açyk) bolsun! 

bagtly bol, alnyň-bagtyň açyk 
bolsun

diýen manydaky alkyş. Maňlaýyňa sylmak 
(sürtmek) ýagşy niýeti, gowy zady özüň üçin arzuw 
etmek, 

bize-de ýetirsin

diýen umytda bolmak. 
Maňlaýyňa urmak ser. Maňlaýyňy ýumruklamak 
 Al gerek bolsa saňa! diýip, maňlaýyna urdy-da, 
oturgyja özüni goýberdi (H. Derýaýew). Maňlaýyňy 
çytmak 1) bir zada närazy bolmak, närazylyk 
bildirmek, razylaşman nägile bolmak. 2) birzady kyn 
görmek. Hakykatdan-da, şol sözi eşiden gelniň 
maňlaýy biraz çytylyp, gözleri buldurap göründi (B. 
Kerbabaýew).Maňlaýyňy diremek hemaýat üçin bir 
ýere ýüz tutmak, goldaw bolar diýen umyt bilen bir 
ýere, biriniň ýanyna baryp synanyp görmek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   142   143   144   145   146   147   148   149   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling